Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ähli ugurlar bilen bir hatarda milli ylym-bilim ulgamy hem güýçli depginde ösýär. Uzaklary nazarlaýan bilim ulgamyny dünýä derejesine laýyk döwrebaplaşdyrmagyň maksatnamalary giňden ornaşdyrylýar. Bu ugruň hünärmenleriniň hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmak, ýaşlara okuw-usulyýet ders berlişini kämilleşdirmek, sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine laýyk ýola goýmak, ýaşlara dünyäniň ösen talaplaryna laýyk bilim we terbiýe bermekde milli ruha ýugrulan edep-terbiýe mekdebini ýörelge edinmek, onuň bilen ugurdaşlykda ösen döwletleriň tejribesini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmak giňden ýaýbaňlandyryldy. Munuň özi düýpli bilim özgertmelerini durmuşa geçirmäge, ýurdumyzy ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürjek, giň gözýetimli, döwrümiziň ösen talaplaryna laýyk ökde hünärmenleri taýýarlamaga giň ýol açýar.
Jemgyýetiň ruhy medeniýetiniň esasyny düzýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak işini maksadalaýyk guramakda onuň maddy enjamlaýyn binýadynyň döredilmegi häzirki zaman bilim syýasatynyň esasy ugrudyr. Ata Watanymyzda, ýurdy dolandyrmakda beýik sepgitlere ýetilmegi bilim ulgamyny ösdürip, ýaşlaryň dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesinde döwrebap bilim almagymyza ähli mümkinçilikler döredilýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 55-nji maddasynda şeýle bellenilýär: «Her bir adamyň bilim almaga hukugy bardyr. Umumy orta bilim hökmanydyr, her bir adam ony döwlet bilim edaralarynda tölegsiz almaga haklydyr. Döwlet her bir adam üçin öz ukyplaryna laýyklykda hünär biliminiň elýeterliligini üpjün edýär. Tölegli bilim beriş işini amala aşyrmaga kanunda bellenen esaslarda we tertipde ýol berilýär. Ähli bilim edaralary üçin hökmany bolan döwlet bilim standartlary bellenýär». Mundan başga-da 2013-nji ýylyň 4-nji maýynda kabul edilen «Bilim hakynda» Türkmenistanyň kanunynda tölegli bilim işi, bilim işiniň maliýeleşdirilişi barada hem bellenilýär. Türkmenistanda bazar gatnaşyklarynyň ýörelgeleriniň ornaşdyrylýandygyny göz öňünde tutup, ýokary hünär bilim edaralarynda tölegli esaslarda bilim bermek hem ýola goýulýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşiniň häzirki tapgyrynda Türkmenistanyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler bu günki gün öz ajaýyp miwelerini berýär. Talyplaryň halkara ders bäsleşiklerinde, internet olimpiadalarynda üstünlik çykyş etmekleri munuň aýdyň subutnamasydyr. Talyplara döwlet tarapyndan şeýle hemmetaraplaýyn goldaw berilmegi olaryň bilim almaga bolan höwesini artdyrmaga, milli bilim ulgamyny dünýä derejesene çykarmaga, Watanyna wepaly ýaşlaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmegine giň mümkinçilikleri berýär.
.
Hamraýew Haýdar,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara Gatanaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary we Diplomatiýa fakultetiniň I ýyl talyby
Teswirler