Bütindünýä jemgyýetçiliginde hökmürowan görnüşde hereket edýän bazar ykdysady gatnaşyklarynyň globaşma häsiýetine eýe bolýan häzirki zaman dünýäsinde sanly tehnologiýaly enjamlar günsaýyn ösýär we tutuş ýer ýüzüni gurşap alýar. Sanly tehnologiýaly enjamlara erk edip bilmeklik üçin bolsa, daşary ýurt dilini suwara öwrenmeklik zerur bolup durýar. Hut şu nukdaýnazardan-da, bütindünýä jemgyýetçiliginde hereket edýän dürli halk hojalyk pudaklary bilen bir hatarda bilim ulgamy hem örän tiz sanlaşma prosesini başdan geçirýär.
Bilim ulgamynda sanly tehnologiýaly enjamlaryň ornaşdyrylmagy, sanly usulda daşary ýurt dillerini öwrenmeklik babatda dürli iş meýilnamalarynyň taýýarlanmagy mugallymlar hem okuwçylar üçin diýseň uly ýeňillikleri, örän amatly şertleri we mümkinçilikleri döretdi.
Mugallymlaryň we okuwçylaryň wirtual dünýä we sanly gurallar bilen içgin gyzyklanmaklary, olaryň daşary ýurt dilini öwrenmeklikde dürli programmalara we elektron gollanmalara bolan höwesini artdyrýar hem-de işini ýeňilleşdirýär. Sanly ulgamyň esasynda öwrenilen daşary ýurt dili bolsa okyjynyň hemişelik ýadynda galýar.
Häzirki wagtda daşary ýurt dilini öwretmeklik we öwrenmeklik üçin döredilen sanly gurallaryň aýratynlyklaryna baha berenimizde, olary 6 kategoriýa bölüp bileris.
1. Dil öwretmeklik we öwrenmeklik üçin niýetlenilen programma. Bu programma islendik dili öwretmeklik maksady bilen işlenip düzülen we dil bilmeklik ussatlygyny ösdürmeklige mümkinçilik berýän hem-de öz üstüňde işläp kämilleşmekligiň köp dürli iş görnüşini öz içine alýan sanly okuw meýilnamasydyr.
2. Dil öwretmeklik we öwrenmeklik üçin niýetlenilen oýun programmalary. Bu programma ýönekeý oýun elementlerinden başga, çynlakaý dil öwrediş aýratynlyklary bolan oýun (2D, 3D) gurallarydyr.
3. Söz öwretmeklik we öwrenmeklik üçin niýetlenilen programma. Bu programma diňe söz öwretmekligi, söz synaglaryny, söz öwreniş usullaryny öz içine alýan sanly gurallardan ybaratdyr
4. Ussatlygyňy ösdürmeklik üçin niýetlenilen tejribe programmalary: Bu programma okamaklyk, diňlemeklik, ýazmaklyk, gürlemeklik babatda ussatlygy ösdürmäge hyzmat edýän sanly gurallardan ybarat. Mysal üçin: Iňlis dilini öwrenýän okuwçy bu programmanyň mümkinçiliklerinden yzygiderli peýdalanmaklyk bilen, iňlis dilinde angliýaly raýat ýaly arassa, suwara gürläp bilmeklik ukybyna eýe bolýar.
5. Wirtual hakykat programma: Bu programma dil öwretmeklikde garyşyk hakykat ýaly tehnologiýalary ulanýan sanly gurallardyr.
6. Dil terjime programmalary: Bu programma daşary ýurt dilini öwrenijä öz dilinden eden terjimisiniň dogrudygyny ýa-da nädogrudygyny, ýagny öz ukyp-başarnygyny barlap görmeklik üçin döredilen sanly programmadyr.
Daşary ýurt dilini sanly usulda öwrenmeklikde ygtybarly gollanma bolýan, bu alty programma her bir öwrenijiniň ussatlygynyň artmagyna we kämilleşmegine ýakyndan ýardam berýär.
Häzirki wagtda daşary ýurt dilini öwretmeklikde däp bolan usullar agdyklyk etse-de, dilleri öwrenýän we öwredýän käbir adamlar öz işini ýeňilleşdirmeklik üçin dürli sanly gurallary (onlaýn janly kurslar, dil öwrediş programmalary, elektron sözlükler, söz öwrediş programmalary, wideo sapaklary we ş.m.) ulanýarlar. Ýagny, önümçilikde zähmet çekýän hünärmen ýa-da mekdepde okaýan okuwçy özüne zerur bolan daşary ýurt dilini dil öwredýän okuw merkezlerine gatnaman, sanly ulgamyň üsti bilen öwrenip bilýär. Çünki, internet ulgamynda dil öwredýän hünärmenleriň ýörite sapak geçip duran wideorolikleri bar. Wideorolik esasynda daşary ýurt dilini öwrenmeklik diýseň aňsatdyr. Sebäbi, dil öwredýän okuw mekdeplerinde ýatkeşligi pesräk okuwçy düşünmedik ýerini mugallymdan bir gezek, iki gezek, aňry gitse üç gezek soraýar, we “üçden soň puç” diýilişi ýaly, ondan şol bir mowzugy mugallymdan ýygy-ýygydan sorap durmaga utanýar. Şeýdibem, düşünmedik temasyny öwrenmän galýar. Wideoroligiň üsti bilen daşary ýurt dili öwrenilende bolsa, düşünmedik ýeriňi yzyna saradyp, gaýta-gaýta görüp hem diňläp, öwrenip bolýar. Dil öwrenmekligiň bu usuly, okyjynyň öwrenýän dilini örän tiz özleşdirmegine we dili çalt öwrenmegine ýardam edýär.
Aýnabat ÝAZMUHAMMEDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň iňlis dili kafedrasynyň mugallymy.
Teswirler