Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäheriniň guramagynda 2019-njy ýylyň 18-nji sentýabrda “Halal zähmet çekeliň” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygy partiýanyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy Dädebaý Naskuliýew alyp bardy.
Ilkinji söz nobaty Duşuşykda Aşgabat şäheriniň il sylagly ýaşulusy Muhammet Şammyýewe berildi. M. Şammyýew çaga lukmany bolup işlän ýyllarynda, çagalaryň aň-düşünjesine täsir edýän ýagdaýlar barada gürrüň berdi. Tämiz, arassa ýürekli çagalar ulylary görelde alyp, öz häsiýetleriniň nähili şekillenýändigine öz zähmet tejribesinde birnäçe gezek syn edendigini beýan etdi. Şoňa görä-de, halal zähmet çekmegi, halal gazanç etmegi çagalara kiçi ýyllardan endik etmegini ýola goýmalydygyny nygtady.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Aşgabat şäher Polisiýa müdirliginiň 4-nji bölüminiň 2-nji bölümçesiniň başlygy Salamatow Rüstem öz sözüne Magtymguly Pyragynyň:
“Halala hasap bar, harama azap,” diýen sözleri bilen başlady.
“Süri agsaksyz bolmaz” diýilşi ýaly, halkyň arasynda haram ýollar bilen gazanç etmäge baş goşýanlaram çykýar. Korrupsiýa diňe bir malyýe serişdelerini bikanun ýollar bilen öz hasabyna geçirip ykdysadyýete zyýan bermän, eýsäp raýat gatnaşyklaryna-da öz zyýanyny ýetirýär. Bedasyl öz işinden el çekenok. Emma şu işleriň soňunyň puçdygyny bize durmuş görkezip gelýär, diýip nygtady.
Sözüniň ahyrynda R. Salamatow gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň şu setirlerini okady:
Haryň işi hardyr,
dostlar,
Müň magtasaň, atça bolmaz.
Bedasyla emel ýetse,
Biliň, asylzadça bolmaz.
Pany dünýäge
ynanmaň,
Altyn-kümüşe guwanmaň,
Giýewlere köňül bermäň, —
Bir dogan zürýatça bolmaz.
Köp ýollarny
görse gözüň,
Her magnydan bilseň ozüň,
Bir nadana aýdan sözüň
Ösüp giden badça bolmaz.
Başyň ýassyga
ýetende,
Sabyr, karar bolmaz sende.
Güýjüň-kuwwatyň gidende,
Ogul-gyzyň ýatça bolmaz.
Magtymguly, ajap
çaglar,
Kimse güler, kimse aglar,
Dürli miwe beren baglar
Sowular, jennetçe bolmaz.
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň maglumatlar merkeziniň uly maslahatçysy Mekan Berdiýew öz çykyşynda Türkmenistanda telekeçilik bilen baglanşykly hereket edýän kanunlar barada düşünje berdi. Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 27-nji babynda göz öňünde tutulan ykdysady işi ama aşyrmagyň tertibine garşy jenaýatlaryň sanawyny paýlaşdy. Olaryň hatarynda:
- Kanuny telekeçilik işine päsgel berilmegi;
- Bikanun ýa-da galp telekeçilik we bank işi;
- Bikanun ýol bilen edinilen pul serişdelerini we başga emlägi kanunlaşdyrma;
- Bikanun karz almak we kreditorlyk bergini üzmekden zannyýamanlyk bilen boýun gaçyrmak;
- Monopolistik hereketler we bäsdeşligi çäklendirmek;
- Geleşik baglaşmaga ýa-da baglaşmazlyga mejbur etmek;
- Haryt nyşanynyň bikanun ulanylmagy;
- Kontrabanda;
- Galp pul serişdeleriniň ýa-da gymmatly kagyzlaryň taýýarlanylmagy;
- Bikastlaýyn ýa-da galp batyp almak;
- Daşary ýurtlardan daşary ýurt walýutalaryndaky serişdeleriň gaýtarylyp getirilmezligi;
- Fiziki ýa-da ýuridiki şahslaryň gümrük töleglerini ýa-da salgytlary tölemekden boýun gaçyrmaklary;
- Söwda düzgünleriniň bozulmagy ýaly jenaýanlary görkezmek bolýar.
Duşuşygyň soňunda TSTP Aşgabat şäher komitetiniň başlygy Dädebaý Nazkulyýew jemledi.
Yzýanyndan partiýa täze goşulan agzalaryň şahadatnamalary dabaraly ýagdaýda gowşurdyldy.
Merdan Ataýew
TSTP-nyň işjeň agzasy
Teswirler