Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda türkmen paýtagtyny Awstriýanyň paýtagty Wena şäheri bilen birleşdirýän wideoköpri geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy. Bu barada TDH habar berýär.
Şu ýyl Awstriýa Respublikasynyň hem Bitaraplygynyň 65 ýyllygyny belleýändigini nygtamak gerek.
Iki paýtagtyň arasyndaky şu günki wideosöhbetdeşlikde hem bu jemgyýetiň başlygy Neda Berger Wena şäherine wekilçilik edip, awstriýalylaryň adyndan milli Liderimizi we türkmen halkyny ýetip gelýän baýramçylyklar — Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramy bilen gutlady.
Bilelikdäki guramanyň ýolbaşçysy hökmünde ol döwletara gatnaşyklary ösdürmek, şol sanda medeni çäreler arkaly ilerletmek üçin amatly gurşawyň döredilmegine goşant goşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň döredilmegi şeýle aýdyň taslamalaryň biri boldy, orkestriň döredilmeginiň 10 ýyllyk senesi geçen ýyl Aşgabatda saz baýramçylygy hökmünde bellenildi.
“Galkynyş” orkestriniň konsertleri, Wena ballary ýaly çäreler Türkmenistanyň medeni durmuşynyň aýratyn bezegine we awstriýa-türkmen medeni gatnaşyklarynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Orkestriň çeper ýolbaşçysy we dirižýory Wolfgang Harrer Türkmenistanyň özünde galdyran täsirleri barada gürrüň berip, türkmen sazandalary bilen alnyp barlan bilelikdäki işler, geljekki döredijilik meýilnamalary, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri bilen hyzmatdaşlykda geçiriljek işler barada gürrüň berdi. Ussat sazanda W.Harrer türkmen kärdeşleriniň ýokary hünär derejesini aýratyn nygtady.
Soňra duşuşyk hemmelere düşnükli bolan sazyň dilinde dowam etdi. Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri Bitaraplygyň 25 ýyllygyna bagyşlap Iogann Ştrausyň “Ajaýyp mawy Dunaýda” diýen wals sazyny ýerine ýetirdi, bu wals sazy Awstriýanyň resmi däl senasy hasap edilýär hem-de däp boýunça Täze ýyl Wena konsertinde ýerine ýetirilýär.
“Galkynyş” türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň Wena düzümi R.Nepesowyň “Fantaziýa” eserini hem-de W.A.Mosartyň “Gijeki serenada” eserinden bir bölegi ýerine ýetirdi.
Wideoköprä gatnaşyjylar sazly gutlaglary alşyp, birek-birege täze döredijilik açyşlary we üstünlikleri, gyzykly medeni taslamalary amala aşyrmagy hem-de diňe bir onlaýn görnüşinde däl-de, medeni hyzmatdaşlygyň dürli çärelerinde täze duşuşyklary arzuw etdiler.
Teswirler