DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARY

Hormatly Prezidentimiziň oýlanşykly döwlet syýasaty netijesinde, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, “Açyk gapylar” hoşniýetli goňşuçylyk hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan döredijilikli daşary syýasy ugry üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ata Watanymyz döwletara derejede netijeli gatnaşyklary ösdürmek bilen, köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny subut edýär.

Häzirki günde biziň ýurdumyz geljekki uzak ýyllarda Türkmenistanyň durnukly ösüşini üpjün etmäge ukyply, giň möçberli özgertmeleri işjeň ýagdaýda durmuşa geçirýär. Ýurdumyzda ykdysadyýetiň ösüş depginini çaltlandyrmak boýunça täze wezipeler öňe sürülýär.

Ýurtda geçirilýän giň möçberli özgertmeler we ýokary ykdysady görkezijiler Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da artdyrdy. Şunuň bilen baglylykda, ähli gyzyklanýan döwletler, abraýly halkara guramalary we ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça Türkmenistanyň ileri tutýan ugry şu gün hem diýseň möhüm häsiýete eýe bolýar.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde dünýäniň 185 döwletiniň wekilleriniň biragyzdan goldamagy esasynda “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” hakyndaky Rezolýusiýasy kabul edildi. Şeýlelikde, ata Watanymyz Türkmenistan dünýäde ilkinji bolup Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen döwlete öwrüldi. Bitaraplygy özüniň daşary syýasatynyň esasy hökmünde yglan eden Türkmenistan sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen netijeli syýasaty alyp barýar. Şeýlelikde, Türkmenistanyň  Bitaraplygy halkara jemgyýetçiligi tarapyndan diňe bir möhüm  syýasy ýagdaý däl-de, eýsem sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen parahatçylyk söýüjilik başlangyçlary amala aşyrmagyň täsirli guraly hökmünde kabul edilýär. Paýtagtymyz Aşgabat sözüň doly manysynda parahatçylygy dörediji we ylalaşdyryjy merkeze öwrüldi. 2007-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň açylmagy we onuň bilen häzirki döwürde dowam edýän netijeli hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň bitaraplyk syýasatynyň täze oňyn mümkinçilikleriniň açylýandygyny subut edýär. Bu merkeziň açylmagy halkara bileleşiginde uly taryhy  waka  bolup, döwletimiziň  halkara  gatnaşyklaryndaky  ornuny has hem berkitdi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde dünýäniň 193 döwleti tarapyndan “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” Rezolýusiýasynyň ikinji gezek kabul edilmegi has-da buýsandyryjy waka boldy. Rezolýusiýada sebitde parahatçylygyň we howpsuzlygyň berkidilmeginde Türkmenistanyň bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýynyň netijeli orny, ýurdumyzyň halkara giňişliginde dostluk we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekdäki goşandy aýratyn bellenilýär. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry “Halkara Bitaraplyk güni” diýip yglan etmek baradaky Rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi.

Durnukly ösüş maksatlary 2030-njy ýyla çenli adamzat we ýer şary üçin has oňaýly şertleri döretmegi maksat edinýän resminamadyr. Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň ählisiniň bir agyzdan goldamagy bilen, 2015-nji ýylda kabul edilen bu maksatnama dünýäniň ähli sebitlerinde abadançylygy gorap saklamaga  we umumyadamzat bähbitli öşüsleri gazanmaga gönükdirilendir. Bu maksatnamada dünýä ýüzünde ykdysady ösüşi gazanmak, saglygy goraýşy ýokarlandyrmak we sosial deňligi gazanmak, şol sanda daşky gurşawy gorap saklamak we howanyň üýtgemeginiň öňüni almak boýunça işleriň geçirilmelidigi nygtalýar.

BMG-niň Durnukly Ösüş Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça dünýä derejesinde işler alnyp barylýar.

BMG-niň Ykdysady we Sosial meseleleri boýunça Departamentiniň Durnukly ösüş maksatlary bölümi sebitlerde durnukly ösüşi gazanmakda, şol sanda, suw, energetika, howa, ummanlar, şäherleşme, ulag-aragatnaşygy, ylym we tehnologiýa hem-de özara hyzmatdaşlyk bilen baglanşykly meseleleri çözmekde dünýä döwletlerine düýpli goldaw berýär.

Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda, biziň Türkmenistan döwletimizde hem BMG-iň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça milli derejede işler alnyp barylýar. Türkmenistan BMG-iň Durnukly Ösüşiň 2030-nji ýyla çenli döwür üçin Gün terbini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşdy we bu babatynda möhüm teklipleriň birnäçesini orta goýdy. 2015-nji ýylyň Bütindünýä Sammitinde biziň ýurdumyz Durnukly ösüş maksatlaryny özüniň sosial we ykdysady ösüş boýunça maksatnamalaryna utgaşdyrmakda ilkinjileriň biri boldy.                                        

Ýurdumyzda BMG-iň Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmaklykda hususan-da, ösüşiň sosial ugruna uly üns berilýär. Bu ugur bolsa halkyň sosial ýagdaýyny we ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini hemmetaraplaýyn wagyz etmek, türkmen zenanlarynyň hukuklaryny we mümkinçiliklerini kepillendirmek arkaly gender deňligini gazanmak, hem-de ýokary hilli bilim ulgamyny döretmek ýaly durmuş ähmiýetli möhüm meseleleri çözmekden ybaratdyr.

 Durnukly ösüş maksatlaryna diňe bir milli derejede däl, eýsem dünýä derejesinde  uýgunlaşan ilkinji ýurtlaryň biri bolan Türkmenistan bu Maksatnamanyň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar hem-de bu işi ulgamlaýyn esasda alyp barýar

Türkmenistan Durnukly ösüş maksatnamasyna girýän möhüm wezipeleriniň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar. Mälim bolşy ýaly, 2013 —2015-nji ýyllarda EKOSOS-nyň düzümine saýlanan ýurdumyz 2015-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen BMG-niň durnukly ösüş boýunça Bütindünýä sammitine taýýarlyk görmäge işjeň gatnaşdy.

BMG-niň möhüm Konwensiýalaryna we “Durnukly ösüş maksatlary” ýaly adamzat ähmiýetli beýleki resminamalaryna goşulan türkmen döwleti öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarlydyr. Mälim bolşy ýaly, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän we dünýäde parahatçylyk, howpsuzlyk hem-de abadançylyk bähbitli anyk teklipleri BMG tarapyndan giň goldawa eýe bolýar.

Öňe sürlen başlangyçlaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýa boýunça howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar babatda sebit merkezini açmak, BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak, Aral deňziniň sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny taýýarlamak hakyndaky teklipler öz ornuny tapýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde milli, sebit we ählumumy ugurlaryň sazlaşygynyň möhümdigini belleýär. Döwlet Baştutanymyzyň durmuş-ykdysady we tebigaty goramak ulgamlarynda amala aşyrýan syýasaty BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş babatda kabul eden Gün tertibi bilen baglanyşyklydyr.

Şäher gurluşygynda, oba hojalygynda, ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça taýýarlanan meýilnamalary amala aşyrmakda ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ulanylmagy baş çelgi bolup durýar. Umuman, munuň özi Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň esasyny düzýär. Garagumda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurluşygyny muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Bu möçberi hem-de ähmiýeti boýunça deňi-taýy bolmadyk taslama suw serişdelerini saklamak we daşky gurşawy goramak, diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebitinde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek meseleleriniň umumy çözgüdine gönükdirilendir.

Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz ählumumy energetika howpsuzlygynyň döwrebap binýadynyň döredilmegine işjeň gatnaşýar we düzümleýin pudaklaryň doly döwrebaplaşdyrylmagyna, energiýa serişdelerini ugratmagyň köpugurly ulgamynyň, şolaryň halkara bazarlaryna üstaşyr howpsuzlygynyň ygtybarly guralynyň döredilmegine gönükdirilen toplumlaýyn strategiýa üstünlikli amala aşyrylýar. Bu bolsa Durnukly ösüş maksatlaryny sebit we dünýä derejesinde durmuşa geçirmekde ägirt uly ädimdir.

Bu giň möçberli taslamalar Türkmenistanyň ählumumy ulag-logistika düzüminiň ösdürilmegine, Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegine anyk goşandydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde, Diýarymyz sebitiň möhüm ulag geçelgesine, iri halkara logistika merkezine öwrülýär. Bu ugurda durmuşa geçirilýän işler bolsa, BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyna doly laýyk gelýär.

Şeýlelikde, BMG-niň yglan eden Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça dünýä derejesinde işler alnyp barylýar we şeýle işleri durmuşa geçirmekde Bitarap Türkmenistan döwletimiziň hem tutýan orny uludyr. Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyn gatnaşyklara ygrarlydygyny görkezmek bilen, Türkmenistan parahatçylygyň, durnuklylygyň, sebit hem-de ählumumy derejede durmuş we ykdysady ösüşiň üpjün edilmeginiň bähbidine ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidilmegini ugur edinýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Bitarap Türkmenistan Watanymyzda Durnukly ösüş maksatlary yzygiderli esasda durmuşa geçirilýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýy gutly bolsun!

.

                Serdar RAHYMOW,

Türkmenistanyň Daşary işler
ministrliginiň Halkara gatnaşyklary
institutynyň Halkara gatnaşyklary
fakultetiniň talyby, Durnukly
ösüş maksatlarynyň Ýaş ilçisi.

Teswirler

Aşyr

Örän gyzykly we täsir galdyryjy makala. Awtor berekella!