Her ýylyň 21-nji noýabrynda Bütindünýä telewideniýe güni bellenilýär. Bu baýramçylyk 1996-njy ýylyň 17-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň karary bilen yglan edildi. Baş Assambleýa, ilkinji nobatda, parahatçylyk, ösüş we medeni alyş-çalyşyň giňelmegi ýaly meselelere bagyşlanan teleýaýlym gepleşiklerini ösdürmek maksady bilen halkara gününi bellemegi teklip edildi. Şeýlelik bilen, BMG-niň A/RES/51/205 rezolýusiýasy boýunça 1996-njy ýyldaky Bütindünýä telewideniýe forumynyň senesini bellemek üçin 21-nji noýabr saýlandy.
Baýramçylygyň bellenilip başlanmagyna köp wagt geçmändigine garamazdan, telewideniýäniň taryhy, takmynan, bir asyr öň başlaýar. Elektron şöhlelerini ulanyp, belli aralyklara şekilleri geçirmek we almak üçin ilkinji synaglar 1920-nji ýyllaryň başynda ABŞ-da, Ýaponiýada we Sowet Soýuzynda geçirildi. 1933-nji ýylda asly rus bolan amerikan inženeri Wladimir Zworykin telewizoryň esasy bölegine öwrülen katod turbasyny oýlap tapmagy başardy. Onuň açyşy netijesinde 1936-njy ýylda Beýik Britaniýada we Germaniýada, 1941-nji ýylda ABŞ-da yzygiderli telewizion ýaýlymlar başlandy. Şeýle-de bolsa, diňe XX asyryň 50-nji ýyllarynda telewizion ýaýlym Ýewropada giňden ýaýrady. 60-70-njy ýyllaryň başynda ösýän ýurtlaryň köpüsinde öz döwlet we hususy teleýaýlym kompaniýalary ýüze çykyp başlady. Häzirki wagtda dünýäde teleýaýlym bilen baglanyşykly bolmadyk ýurtlar ýok diýen ýalydyr. Dünýädäki iň uly teleýaýlym kompaniýalary: ABŞ-da – CBC, ABC, NBC; Angliýada – BBC,ATV; Italiýada – RAI, Ýaponiýada – NHK, Germaniýada – CDF diýip kabul edildi.
Telewideniýe jemgyýetçilik pikirini nyşana almagy, gönükdirmegi we gözegçilik etmegi üçin möhüm gural hökmünde ykrar edildi. Aslynda, Bütindünýä telewideniýe güni telewizoryň tehniki taraplary üçin däl-de, durmuşymyza getirýän artykmaçlyklary üçin bagyşlanandyr. Häzirki zaman dünýäsinde telewideniýe aragatnaşygyň we globallaşmagyň nyşanydyr. Şonuň üçin bu baýramçylygyň döredilmegine gatnaşyjylar dünýä ýurtlaryny parahatçylygyň, howpsuzlygyň üpjün edilmegine, durnukly ösüşiň gazanylmagyna hem-de medeni arabaglanyşygy güýçlendirmäge gönükdirilen telegepleşikleriň taýýarlanyp, teletomaşaçylara ýetirilmegini gazanmaga çagyrdy.
Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bolan agzasy “Aýdan Gije” hojalyk jemgyýeti we ,,Türkmensenagat” agenligi bilen bilelikde taryhda ilkinji gezek Türkmenistanda smart telewizorlary öndürilip başladylar. Hojalyk jemgyýeti alyjylara “Tolkun” haryt nyşanly diagonaly 32 we 42 dýumlyk, şeýle hem “Zemin” haryt nyşanly diagonaly 55 dýumlyk suwukkristal ekranly hem-de “4K Ultra HD” durulykly telewizorlary hödürleýär. Bu bolsa ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, öz önümlerimiziň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak, elektron senagatyny döretmek boýunça Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär.
.
Ýulduz BABAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistika fakultetiniň talyby. |
Teswirler