Türkmenistan-Owganystan: ýokary diplomatik mekdepleriň arasyndaky hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň dost-dogan hökmünde ýakyndan gatnaşýan goňşularynyň biri hem Owganystan Yslam Respublikasy bolup durýar. Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulandan bäri 28 ýyldan gowrak döwrüniň içinde hyzmatdaşlygyň mäkäm şertnama-hukuk binýady döredildi.  

Soňky ýyllarda Türkmenistan Owganystan bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady çäkdäki hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen birlikde medeni-ynsanperwer ulgamda hem hyzmatdaşlygyň gerimini barha artdyrýar. 2015-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

2020-nji ýylyň 4-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň  Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly   “tegelek stol” maslahaty geçirildi.  Bu duşuşyk Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň çygrynda geçirildi.

Türkmenistan öz garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap parahatçylykly we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan daşary syýasaty öňe sürdi. Onuň binýadynda bolsa oňyn bitaraplyk ýörelgeleri goýuldy. Bu babatda halkara hukuk kadalaryny ileri tutmak, halkara meselelerini güýç ulanmazdan, syýasy-diplomatik ýollar bilen çözmek, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulyşmazlyk, hoşmeýilli Bitaraplyk, harby ýa-da syýasy toparlanyşyklara goşulyşmazlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, «açyk gapylar» syýasaty, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlaryny düzýär.

Bitaraplyk Türkmenistanyň halkara arenasyndaky hereketiniň işeňňirliginiň esasy häsiýetini kesgitleýän düýpli ýörelgesidir. Türkmenistanyň Bitaraplygy – häzirki zamanyň esasy meselelerine düýpli göz ýetirmekdir we olary has giň tejribe esasa daýanyp çözmeklige çalyşmakdyr. Hakykatda oňyn garaýyş esasynda, konstruktiw çözgütleriň gözlegine we durmuşa geçirilmegine gönükdirilen, ilerleýji häsiýetli, anyk hereketde bolan halkara gatnaşyklarynyň modelidir.

Türkmenistan beýleki döwletler bilen dostluk, birek-biregi hormatlamak, birek-birege ynam etmek, özara ýardam bermek esasynda özara gatnaşygyny ösdürýär we köp ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk, söwda-ykdysady gatnaşyklary saklaýar. Oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanyp, işjeň durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasaty, halkara kadalaryna laýyklykda daşary ýurt maýa goýumlarynyň goralmagynyň kepillendirilmegi, daşary ýurt telekeçiligi üçin amatly şertleriň döredilmegi, şeýle hem ýurdumyzyň iňňän baý tebigy serişdeleri, amatly geosyýasy ýagdaýy, syýasy durnuklylyk, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň daşary ýurt maýa goýujylaryny birsyhly özüne çekýänligi özüniň öňjeýli netijelerini berýär.

Merjen GURBANNAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme
hukuk öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok