Üzümler – örän gadymy döwürden bäri türkmen saçagynyň bezegi we rysgaly

Berkarar döwletimiiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda beýleki ugurlar bilen birlikde oba hojalyk pudagy uly depginler bilen ösýär. Gadymy döwürlerden bäri ekrançylyk bilen meşgullanyp gelýän halkymyz mukaddes topragymyzdan dürli däneli ösümlikleri, miweli we saýaly baglary, gök we bakja ekinleri ösdürip ýertişdirip, bol hasyllary ýygnapdyrlar. 

Taryha ser salanymyzda, Parfiýa patyşalygynyň ilatynyň hojalygy köp pudakly bolupdyr. Ilat ekerançylyk, maldarçylyk, hünärmentçilik, söwda, awçylyk we hojalygyň beýleki pudaklary bilen meşgullanypdyr. Parfiýaly ekerançylar bugdaý, arpa, jöwen we süle ýaly dänelik ekinleri, künji we pagta ýaly tehniki ekinler ekipdirler. Biziň eýýamymyzdan öňki II asyryň ahyrlaryndaky hytaý ýazuw çeşmelerinde bellenişine görä, parfiýalylar şaly ekýän ekenler. Gök-bakja önümleri bilen bir hatarda miweli baglar-da ýetşidiripdirler.  Üzüm parfiýalylaryň iň köp eken miweli baglarynyň biri bolupdyr. Ony Parfiýada-da, Margianada-da, Çumbarda-da ösdürip ýetişdiripdirler.

Miweli baglardyr üzüm meýdanlary giňelipdir. Gadymy wagtlarda üzümçilik ýurduň abadançylygynyň alamaty hökmünde görülýän eken. Ýagny, Köne Nusaýda Demirgazyk toplumda gazuw- agtaryş işleri geçirilende patyşa hazynasynyň, çakyr saklanýan jaýynyň üsti açylypdyr. Şol ýerde ýüzüne hat ýazylan hum gapaklaryň döwükleri tapylypdyr. Oňa “Parfiýa arhiwi” hem diýilýär. Ol resminamalarda, esasan, üzümçilikden döwletiň peýdasyna alnan salgyt barada gürrüň gidýär. Resminamanyň soňunda hasapçylaryň atlaryda görkezilipdir. Parfiýa arhiwine degişli resminamalarda humuň içinde täze çakyr, sirke bardygy barada hem ýazylypdyr.

“Sirke” içgisini gadymyýetde dagly türkmenler üzümiň suwundan sykyp alypdyrlar. Sirke sözi turşadylan diýen manyny aňladýar. Sirke hakyky manysynda meý, şerap, çakyr döremänkä dagly halkyň söweşde ruhlandyryjy, gurplandyryjy içgi hökmünde eý görlüp içilýän içgisi bolupdyr. Sirke häzir hem gadymy usul boýunça taýýarlanýar. Şeýle-de, üzümiň hasyly gerek mukdaryndan artyk bolsa, onda ondan ajaýyp üzüm toşabyny ýasapdyrlar.

Gadymy döwürden gelýän bu azyk önümlerini taýýarlamak üçin ata-babalarymyz ýörite çorhlar ýasapdyrlar. Çorh – bu türkmeniň sada hem-de doly enjamlaşdyrylan sirke (meý) – toşap öndürýän enjamydyr. Bu çorhlarda Parfiýa döwletiniň gülläp ösen döwri dag üzümlerinden sirke-meý ýasap, salgyt hökmünde şa köşgüne meşiklere, tulumlara, küýzelere salyp iberipdirler.

Şeýle-de Girkaniýada bir düýp üzümiň hasyllygynyň 450 kilograma ýetýändigi, Margianada bitýän ajaýyp üzümleriň her hoşasynyň iki tirsek boýuna çenli ýetýändigi barada taryhy ýazgylarda aýdylaýar.

Üzüm adam organiziminde ýeňillik bilen siňýän glýukozalar, fruktozalar, saharozalar görnüşinde şeker, birentek organiki maddalar, fenosidler bar. Bu maddalar diňe bir iýmit önümi üçin däl-de, eýsem ýürek-damar sistemasynyň, aşgazan, nerw hem-de beýleki keselleri bejermek we gaýry maksatlar üçin peýdalanylýar.

Türkmenistanyň çäginde häzirki wagtda üzümiň medeni we ýabany görnüşleri bardyr. Ýurdumyzyň amatly tebigy şertleriniň bolmagy üzümçiligiň we miweçiligiň ösdürilmegine mümkinçilik berýär. Türkmenistanda üzümiň 60-dan gowrak sorty ösdürilip, terbaş, ak şekerek, gara halyly, monty, soltany, ak hüseýin, gyzylsapak, gelinbarmak, mämidan ýaly birnäçe sortlary meşhurdyr. Üzüm baglaryny ösdürip ýetişdirmek, ondan alynýan hasyly tutuş ýyla ýeter ýaly etmekde, esasanam, zaýalanman saklanar ýaly etmegiň gadymydan gelýän öz usullary we ýollary bar.

Ýabany üzümler häzirki wagtda Baharly etrabynyň çäklerinde, aýratynam, Nohur obasynyň sebitlerinde has köp duş gelinýär. Üzüm agajyna bu ýerlerde “meýim” diýýärler. Agaja dyrmaşyp ösen ýa-da teläre dyrmaşyp ösen meýime “dalbar” diýilýär. Meýimden önen hasyla “Üzüm” diýilýär. Meý, Meýhana, Meýlis ýaly sözler hem “meý-im” sözünden alnan gadymy türkmen sözleridir. Üzümiň her salkymyna “hoşa”, hoşanyň şahalaryna “tilisge”, tilisgedäki ýekeje üzüm miwesine “püje”, suwy sykylyp alnan püje galyndylaryna “puha”, guradylan püjelere kişmiş diýilýär. 

Üzümden bal, toşap, dürli şerbetler, guradylan kişmiş edilýär. Bular bolsa gadymy wagtdan şu günlere çenli söwda-da esasy harytlaryň biri we türkmeniň bereketli saçagynyň bezegidir.

Ýazberdiýew Döwletgeldi
S.A.Nyýazow adyndaky  TOHU-nyň weterinar lukmançylygy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby

Teswirler

Gulbahar

Berekella