Agaçlar barada

Şäher giňişliginde ekilen agaçlar köp sanly ekosistemany hyzmaty bilen üpjün edýär: howanyň hapalanmagyny we şäherdäki sesi azaldýar, beýleki görnüşleriň, jandarlaryñ ýaşaýan ýerini döretýär we güýçli ýagyş wagtynda eroziýany azaldýar. Şeýle hem, dynç almak üçin şertler döretýär we şäherdäki ýylylyk kadalaryny gowulaşdyrmak hem-de ýer güýjemegine goşant goşýarlar. Agaçlaryñ az mukdarda ekilmegi tebigatdaky biodürlülige howp döredip biler. Bu ýagdaý görnüşleriñ biodürlüligine we ekosistemanyñ hyzmatlaryna goşant goşýarmy jedelini orta çykardy. Genewa uniwersitetiniň (UNIGE) daşky gurşaw alymlary – Genewa şäheriniň Botanika baglary öwreniş topary bilen bilelikde işläp – Genewa sebitinde tapylan agaçlaryň uly maglumat bazasyny seljerip, hyzmatlara we oňaýsyzlyklara yzygiderli baha berdiler. “Urban Forestry & Urban Greening” neşirinde belläp geçişi ýaly gözlegiň netijesi, Genewadaky agaç görnüşleriniň köpüsiniň ýerli däldigini we agaçlaryň gelip çykyşyna garamazdan Genewanyň şäher giňişliklerine takmynan şol bir ekosistemany hödürleýändigini görkezýär.

Agaçlar daşky gurşawyň hiline we adamlaryň abadançylygyna goşant goşýar. Bu goşantlara baha bermek daşky gurşaw hünärmenleri tarapyndan “ekosistema hyzmatlaryna çemeleşme” diýilýär. Agaçlar, tebigat we adam üçin zyýanly täsirleri özlerinde üpjün edýär. Martin Şlaepfer UNIGE-iň Daşky gurşaw ylymlary institutynyň gözlegçisi we gözlegiň ilkinji awtory “Häzirki wagtda bu mesele bilen baglanyşykly dowam edýän filosofiki jedel dowam edýär”. “Biz ýerli agaçlary ösdürip ýetişdirmeli we kabir görnüşlere gadaganlyk girizmelimi ýa-da iň bolmanda çäklendirmeler girizmelimi? Şäher ýerlerine girizilen görnüşleriň diňe 5% -i meseleli bolup biler. Muna Jennet agajy (Ailanthus altissima) mysal bolup biler. Örän çalt ösýän bu agaç görnüşi dykyz klonly dikenleri döredip, ýabany tebigata peýdaly täsir edip biljek ösümlikleriñ ösmegine ýaramaz täsir etýär. Emma ýerli agaç görnüşleriniň galan 95% -i bilen näme etmeli we olara nähili baha bermeli? “

Ataýewa Ejegül
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok