Kembrij uniwersitetiniň we Demirgazyk-Günbatar uniwersitetiniň gözlegçileri tarapyndan geçirilen gözleg, haýsy matadan tikilen agyz-burun örtükleriniňhas gowy goraýandygyny we has amatly dem almagy üpjün edýändigini ýüze çykardylar.
Epidemiýa sebäpli her adama agyz-burun örtügi gerek bolup durýar. Agyz-burun örtükleriniňýaýramagynyň öňüni alyp, şol bir wagtyň özünde has gowy bejermegi ýeňilleşdirýändigini bellemek gerek. Mundan başga-da, adamlaryň wirusa garşy birinji galkany bolan agyz-burun örtükleri alymlaryň bu işde iň köp gözleg geçiren mowzuklarynyň hataryndady.
Kembrij uniwersitetiniň we Demirgazyk-Günbatar uniwersitetiniň barlagçylary, agyz-burun örtükleriň üstünde geçiren täze gözleglerinde, üsgülewük wagtynda 0,02 bilen 0,1 mikrometr aralygyndaky wirus bölejiklerinden haýsy görnüşli agyz-burun örtükleriniň we matalaryň has täsirli goragy üpjün edýändigine ünsi çekdiler. Şeýle hem gözlegçiler, matalaryň haýsy görnüşleriniň dem almak kynlygyna esaslanyp agyz-burun örtüklerini tikmek üçin has amatlydygyny gözden geçirdiler.
Barlaga görä, köp gatly matalardan tikilen ýüz maskalary, gorag netijeliligi subut edilen lukmançylyk maskalary elýeterli bolmadyk halatynda maska hökmünde ulanylanda belli bir derejede gorag üpjün edýär.
Barlagçylar, adamlaryň maskalaryny ýasamak üçin haýsy materiallary ulanandyklaryny bilmek üçin internetdäki tikinçilik-keşdelik toparlary bilen habarlaşandyklaryny mälim edip, wakuum haltalaryndan jinsine we eplenen joraplara çenli dürli usullaryň synag edilendigini düşündirdiler. Gözlegçileriň pikiriçe, elde ýasalan maska materiallarynyň köpüsi wirusyň öňüni almakda üstünliklidir, ýöne dem alyş garşylygy sebäpli maska hökmünde ulanmak üçin amatly däl.
Dünýägözel NAZAROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Teswirler