Russiýadaky alymlar älemdäki iň güýçli energiýa ätiýaçlyklaryndan biri bolan wodorody howpsuz saklamak üçin synag enjamyny döretdiler. Bu enjam wodorody berk saklamagy başarýar.
Bütin älemde iň köp mukdarda element wodoroddyr. Älemdäki ähli maddalaryň 99,9 göterimini emele getirýän wodorod, geliý bilen bilelikde, ýangyç gazy, gazylyp alynýan ýangyjyň ýerine ulanyp boljak aşa ýeňil gaz hökmünde kabul edilip bilner. Bu wodorod Russiýanyň Milli Barlag Uniwersitetiniň alymlary tarapyndan ýörite işlenip düzülen synag enjamy bilen saklandy.
Uniwersitetiň metbugat gullugynyň habaryna görä, dünýäde özboluşly bu saklaýyş ulgamynyň kömegi bilen wodorod gaty ygtybarly we täsirli görnüşde wodorody saklaýyş bölümlerine doldurylýar. Alternatiw energiýalaryň arasynda iň möhüm elementleriň biri bolan wodorod, ägirt uly ýyldyzlarda ýangyç öýjügi hökmünde ulanylýar.
“Wodorod, tükeniksiz energiýa birligidir!”
Bu hemme ýerde ýaýran elementi howpsuz ýagdaýda saklap bilsek, elektrik stansiýalaryndan başlap, awtoulaglarymyzyň ýangyjyna çenli köp ýerlerde ulanyp bileris. Gözleg geçiren alymlaryň pikiriçe, alternatiw energiýalardan biri bolan wodorod tükeniksiz energiýa birligi hökmünde tapawutlanýar. Wodorody saklamagyň iň ygtybarly formulasy partlaýjy gazlar görnüşinde däl-de, metal gibrid ýaly gaty görnüşde saklamak.
Wodorody gaty görnüşde saklamak usuly bütin dünýäde ulanylýar. Bu önümçilik tehnologiýasyny ösdürmek üçin dünýäde özboluşly uniwersitetde köp funksiýaly elektrofiziki enjam döredildi.
LaPlas institutynyň professory Aleksandr Pisarew: “Umuman, berk ammar bölümleri we esasanam zolak saklaýyş bölümleri täze we çalt ösýän sebit girýär”. Enjamymyz, wodorodyň ýylylyk häsiýetlerini utgaşdyrmak bilen wodorodyň özüni alyp barşyny öwrenmäge we olaryň häsiýetleriniň önümçilik prosesiniň parametrlerine baglylygyny seljermäge mümkinçilik berýär. “Şuňa meňzeşlerden tapawutlylykda ulgamymyz, iň amatly materiallary we gaýtadan işleýiş usullaryny saýlamaga kömek edýän prosesiň ähli şertlerine doly gözegçilik etmäge mümkinçilik berer” diýip belleýär.
Mähri KAKAJANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
Teswirler