Interaktiw hyzmatyň bazardaky hereketi

Belli bolşy ýaly, telekeçilikde öndüriji diňe öz önümini öndürmäniň aladasy bilen bolman, eýsem, onuň ulanyja ýetmekde geçýän ýoluny doly guramaga gatnaşmalydyr. Onuň üçin, ol ulanyja öz önümi hakda hemişe maglumat berip durmaly. Bu maglumatlar ulanyjyda önümiň gowy taraplary hakda pikir döredip, onuň aňynda mynasyp orun tapmaly. Munuň üçin öndüriji reklama, satuwygoldamak, jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk saklamak ýaly işleri alyp barmalydyr.

Reklama bazar ykdysadyýetinde esasy elementleriň biri hökmünde ulanylýar. Bazar ykdysadyýetiniň esasy maksady-harytlary, hyzmatlary, pikirleri satmak arkaly peýda gazanmakdyr.

Reklamabelli marketolog-alym F.Kotleriň belleýşi ýaly, bu islendik kesgitli bir “hemaýatçy”tarapyndan tölenip, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan harydy, ideýalary, hyzmatlary hödür etmek ýa-da görkezmekdir. Köp guramalar (önüm öndürýän ýa-da öndürmeýän tapawudy ýok) reklamany öz harydy,ideýasy, hyzmaty, çäreleri hakda gürrüň berip, özlerine jemgyýetçiligiň ünsüni çekmek isleýärler. Ol üns dürli-dürli bolup biler. Häzirki zaman şertlerinde reklama üsiniň tehnologiýasy kompýuterleşdirme prosesiniň netijesinde düýpli özgerişlere sezewar boldy. Reklama interaktiw hyzmatyň bazarda hereket etmeginiň esasy usullarynyň biridir. Reklama işiniň diňe bir maglumatlaryň biznesinde däl-de, umuman, telekeçilikdäki orny bize mälim.

Internet ulgamynda mahabatlama işlerini giňden ýaýran usullarynyň biri – banner reklamasy. Banner reklamasy häzirki wagtda WEB-sahypalara we saýtlara alyjylary çekmek üçin giňden ulanylýar. Onuň daşyndan, banner reklamasy imij reklamasynyň amatly guraly bolup durýar.

Banner – munuň özi WEB-sahypalarda ýa-da WEB-saýtlarda ýerleşdirilýän grafiki şekillerdir. Onuň has giňden ýaýran görnüşleri: GIF we JPG formatly bannerler. Häzirki wagtda bannerleriň Shockwave, Java formatly görnüşleri ulanylýar.

Internet ulgamynda reklama işlerini ösdürmegiň esasy ýörelgeleriniň biri-de reklamanyň täze tehnologiýalary we onuň görnüşlerini giňden ulanmagydyr. Indi bolsa täze tehnologiýalaryň mysallaryna seredip geçeliň.

Videobanner tehnologiýasy VideoBanner kompaniýasynyň önümidir. Bu önüm wideo rolik hökmünde hereket edýär. Onuň ölçegi: 80×60-dan 160xl20-ä çenli pikselden ybarat. Bu tehnologiýanyň esasy aýratynlygy: köpsanly saýtlar bilen sazlaşykly işleýär.

ScreenGlide tehnologiýasy ScreenGlide kompaniýasy tarapyndan döredildi. Bu tehnologiýanyň aýratynlygy – reklama uly göwrümli bolup bilýär. Ýokarda agzalan tehnologiýalarda Internet ulgamynyň multimedia mümkinçiliklerine üns berilýär. Şol sebäpli reklamanyň täze görnüşlerine “rich-media” diýilýär.

2001-nji ýylyň awgust aýynda IAB multimediasy reklamany ulanmagyň täze ülňülerini kesgitledi. Täze ülňüleri kabul etmekligiň esasy sebäbi – Internet ulgamynda reklama bazaryny ornaşdyrmak.

Banner reklamasynyň usullary şulardan ybarat:

1. WEB-saýtyň eýesi bilen şertnama arkaly bannerleriň arasynda alyş-çalşygy guramak.

2. Belli tölegleriň esasynda banner ulgamlaryny, gözleg serwerlerini, kataloglary ulanmak.

3. Bannerleriň alyş-çalşygyny geçirmek üçin ýörite gulluklary ulanmak. (Banner Exchange Services).

Tejribede, köplenç, banner reklamasynyň birinji usuly ulanylýar. Ol çeýeligi we netijeliligi bilen tapawutlanýar. Bu usul aşakdaky nyşanlar bilen häsiýetlendirilýär:

1. Umumy – dürli tema boýunça saýtlar kabul edilýär. Öňdebaryjylar: RLE, InterReklama;

2. Tematiki – belli tema boýunça saýtlar kabul edilýär. Meselem: ýeňil maşyn (“Awtobanner” ulgamy) we ş.m.

3. Sebitler- belli sebitler boýunça saýtlar kabul edilýär.

4. Goldanylýan reklama formatlary.

Bazar ykdysadyýeti şertlerinde Internet ulgamynyň hyzmatlaryndan peýdalanmak üstünligiň girewi bolup durýar we dünýä bazaryna çykmagyň möhüm şerti hasaplanýar. Internet ulgamy Türkmenistanyň Altyn asyrynda ykdysadyýeti gülletjek gurallaryň birine öwrüler.

S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär
mekdebiniň mugallymy Şalarowa Gülnabat

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok