Haýwanat dünýäsiniň täsinlikleri

Deňiz ýyldyzlarynyň gany ýokdur. Olaryň organizmi suw bilen doludyr.

Uwlaýan maýmynlar ýerde ýaşaýan jandarlaryň arasynda iň gaty ses çykarýan haýwan hasaplanylýar. Olaryň sesini 4,5 kilometr uzaklykdan eşitmek bolýar.

Düýeguşlar ylgan wagty atdan gaty ylgaýarlar.

Mawy kitleriň sesleri 155 dessibele çenli ýetip bilýär. Suwuň aşagynda 1500 kilometr uzaklykdan bu jandarlaryň sesini eşitmek bolýar.

Deňizlerdäki iň haýal balyk görnüşi deňiz atlary hasaplanylýar.

Garynjalar 2 hepdeläp suwuň aşagynda saklanyp bilýärler.

Gunduzlaryň dişi hemişe ösmek bilen şonuň üçin olar bu ýagdaýyň öňüni almak üçin agaçlary gemirýärler.

Geçigaplaňlar şol bir wagtyň özünde 108 km/sag tizlige çenli ýetip bilýär.

Guşlar hem çagany güýmäp, öýi hem bezäp bilýär. Öý guşlary hem edil akwarium balyjaklary ýaly, oňa ideg etmegiň lezzeti we ýakymly hysyrdysy bar-da, olaryň eýesine gaýtarýan minnetdarlyk jogaby ýok. Mysal üçin, itler üýrüp we guýruklaryny bulaýlap, pişikler myrryldap we eýesine gysmyljyrap, özleriniň eýesine bolan minnetdarlygyny bildirýärler.

Tebigat kebelekleri diňe bir owadan däl-de, ýaşaýan ýerine uýgunlaşar we goranar ýaly edip ýaradypdyr. Kebelegiň ganatlaryndaky şekilleri üns bilen synlanyňda, onuň ýaşaýan ýeriniň tebigatyna, reňkine gabat gelýändigini görüp bolýar. Iň meşhur kelem kebelegi (ak kebelek) atly kebelegi synlalyň. Ol öz neslini çaň basan çalymtyl reňkli kelemiň ýapragynda köpeldýär, özi bolsa ösümlikleriň agymtyl gülleriniň nektary bilen iýmitlenýärler.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby
Bäşim Magtymow.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok