Halkara oba zenanlarynyň güni

“Täze oba hojalyk tehnologiýalaryny ilkinji bolup ornaşdyran, krizislere ilkinji bolup jogap beren we ýaşyl energiýa bilen  meşgullanýan oba aýallary,  global ösüşe itergi berip biljek uly güýç.”

BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterres

Her ýylyň 15-nji oktýabrynda Halkara oba zenanlarynyň güni bellenilýär.  Oba aýallary ösüşe bahasyna ýetip bolmajak goşant goşýarlar. Esasy eklenç tebigy baýlyklar we oba hojalygyny bolan aýal-gyzlary dünýä ilatynyň dörtden bir bölegini emele getirýär. Ösýän ýutlarda oba aýal-gyzlary oba hojalygynyň işçi güýjüniň takmynan 43 göterimini emele getirýärler we azyk önümleriniň köpüsini öndürýär, gaýtadan işleýär we taýýarlaýarka azyk howpsuzlygy üçin esasy jogapkärçiligi öz üstüne alýarlar.

Bütin dünýäde aşa garyplyk derejesiniň peselendigine garamazdan, bir milliard adam kabul ederliksiz şertlerde ýaşamagyny dowam etdirýär. Olaryň köpüsi esasan oba ýerlerinde jemlenendir.Muňa garamazdan, Aziýada we Sahara kenarýaka Afrika ýurtlarynda azyk önümleriniň 80 göterimini öndürýän kiçi göwrümli oba hojalygy, takmynan 2,5 milliard adam üçin esasy girdeji çeşmesidir. Zenan daýhanlar erkekler ýaly öndürijilikli we telekeçi bolup bilerler, ýöne ýer, karz, oba hojalyk çeşmeleri, bazarlar we oba hojalyk önümleri torlaryna doly elýeterlilige garaşyp bilmeýärler. Dünýädäki iň garyp adamlaryň 76 göterimi oba ýerlerinde ýaşaýar, oba aýal-gyzlarynyň öndürijilikli oba hojalygyna girmegini üpjün etmek dünýädäki açlygy we garyplygy azaltmaga kömek edýär we 2030-nji ýyldaky Durnukly ösüş meýilnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin oba aýal-gyzlarynyň roluny möhüm edýär.

   Oba aýal -gyzlary howanyň  çydamlylygyny gurýarlar. BMG-nyň Howanyň üýtgemegi sammitinde 2019-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda geçirilen çekişme bu hakykaty tassyklady. Dünýäde işleýän her üçünji aýal oba hojalygynda işleýär. Aýallar ýangyz üçin odun ýygnaýarlar, iýmitleri el bilen gaýtadan işleýärler we suw daşaýarlar. Şeýlelik bilen, suwy ýok öý hojalygynyň 80%-i aýallar we gyzlar bilen üpjün edilýän suwa baglydyr. Hasaplamalara görä, 2006-njy we 2016-njy ýyllar aralygynda howa bilen baglanyşykly betbagtçylyklar sebäpli dörän umumy zyýanyň dörtden bir bölegi oba aýal-gyzlaryň azyk howpsuzlygyna we öndürijilik potensialyna ep-esli derejede täsir edipdir. Güýli aýallar howanyň üýtgemegine garşy durmak ukybyna eýedir, howanyň üýtgemegi baradaky bilimleri ýaýratmakda uly rol oýnaýar.

Bägül GOÇGAROWA
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok