Mejlisiň iki palataly konstitusion özgertmelerinde milli ýörelgeler

Mertebesi belent hormatly Prezidentimiziň ««Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky» Konstitusion kanunyň taslamasy taýýarlananda, döwlet gurluşymyzy mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksatlaryndan, öz milli ösüş ýolumyzda toplan tejribämizden we oňyn halkara tejribeden ugur alyndy.»[1] – diýen  parasatly taglymynda Mejlisiň iki palataly parlament özgertmelerinde ilkinji nobatda öz milli tejribämize esaslanylandygy barada uly buýsanç bellemeginde diýseň uly many bardyr. Çünki, milli Liderimiziň «Türkmen medeniýeti»  atly ajaýyp kitabynda  ýurdumyzyň döwlet gurluşynda, syýasatynda, ykdysadyýetinde, sosial durmuş ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgerişlikleriň ruhy güýjüniňi ähli işe döredijilikli çemeleşmekdedigini –  medeni ilerlemelerdedigini,  medeni ilerlemäniň ýagny medeniýetiň bolsa pederlerimiziň paýhas gorudygyny, has-da dogrusy ata-babalarymyzyň ruhuna ygrarlylykdygyny belläp geçýär[2]. Diýmek, geçen bir ýylyň dowamynda geçirilen konstitusion özgertmelerde-de  ata—babalarymyzyň ruhuna ygrarlyk hökmünde, pederlerimiziň paýhas gorundan susulyp alnandygyny, mähriban Arkadagymyzyň ýokarda getirilen ajaýyp taglymaty hem aýan edýär. Ylmy nukdaýnazardan seredilende, munuň özi taryhy hakykatdyr.

Halkymyzyň iň gadymy eýýamyndam VII asyra çenli döwürlerdäki ýaşaýyş durmuşyndan söz açýan Türkmenistanyň taryhy kitabyndan bellenişine görä, Oguz han dünýeden gaýdandan soň garry wezir Erkil hoja Gün hana öz doganlaryny, ýurduň akyldarlaryny, serdarlaryny, kethudalaryny çagyrdyp maslahat geçirýär. Bu maslahatda Oguz hanyň wesýetlerine eýerilip mundan beýläk döwleti edara etmek üçin döwletiň kada-kanunlary işlenip düzülýär[3]. Bu barada Ýazyjy ogly Alynyň «Beýik Seljuk türkmenleriniň döwleti»[4] atly kitabynyň birinji jildinde-de, Kakajan Ataýewiň «Oguz dessanlary»[5] kitabynyň «Oguz han» dessany bölüminde-de,  Abulgazy Bahadurhanyň «Oguznama» poemasynda-da has giňişleýin beýan edilýär. Ýeri gelende ýene-de bir bellemeli zat, türkmen döwletlerinde milletbaşymyz Oguz han atamyzyň ýaşan zamanasyndan başlap IX asyra çenli kanun çykaryjylyk işini Geňeşde ýurdy dolandyryjy patyşanyň alyp barandygy barada Türkmenistanyň Hukuk ylymlarynyň kandidaty, dosent B.A. Marjykowyň «Türkmenistanyň döwletiniň we hukugynyň taryhy»[6] atly okuw gollanmasynda-da, Azerbeýjan hukukşynas alymlary Akbarow Rahib Abdylla ogly bilen Nazyrow Jelal Kadyr oglunyň «Daşary ýurtlaryň döwlet we hukuk taryhy»[7] atly kitabynda-da, ýene-de  Azerbeýjan hukukşynas alymlary M.F. Mälikowa bilen E.K.Näbiýewiň «Kämil döwlet we hukuk taryhy»[8] atly kitabynda-da  beýan edilýär.

Milletbaşymyz  Oguz han türkmeniň  hem Geňeşe özi ýolbaşçylyk edipdir. Geňeşde  döwlet dolandyryşy, il asudalygy, ýurt parahatçylygy, jemgyýetçilik tertip-düzgüni bilen baglanyşykly ýazylmadyk (ýazgy edilmedik, kagyz ýüzüne geçirilmedik) hukuk kadalary – Oguz han atamyzyň kanuny taglymlary geňeşe agza hökmünde çagyrylan halk köpçüligi bilen ara alnyp maslahatlaşylmada olaryň islegi göz öňünde tutulyp kabul edilipdir. Oguz han atamyzyň döwleti berk tertip-düzgün esasynda dolandyrmaklykdaky berk kanuny taglymlary ogly Gün hanyň patyşalyk eden döwrüne çenli ýazylmadyk hukuk namalary bolsa-da, onuň häzirki zaman parlamentiniňki ýaly  ýurduň ähli ýerinde ýuridiki güýji bolupdyr. Muny Ýazyjy ogly Alynyň «Beýik Seljuk türkmenleriniň döwleti» atly kitabynyň 1-nji jildinde beýan edilen, Oguz han atamyzyň: «Biziň urugymyzdan biri karar edilen düzgüne bir gezek terslik etse, oňa dil bilen öwüt bermeli. Ikinji gezek terslik etse, ýeterlik mukdarda gorkuzmaly we temmi bermeli. Eger üçünji gezek etse, ony daş ýere – Hotan sebitlerindäki ýaşalmaýan, awçylaryň ýylda iki gezek barýan eýesiz çöllerine ibermeli. Birnäçe wagtdan soňra ýene yzyna getirmeli. Eger asyllanyp, akyllansa gowy, bolmasa zyndana taşlamaly. Ondan soň hem, akyllanmasa ähli aga-ini ýygnanşyp, gürleşerler. Onuň maslahatyny görüp, düzgüne salarlar.»[9] – diýen taglymy hem tassyklaýar. Diýmek, Oguz han atamyzyň Geňeşde halk köpçüligi bilen ara alyp maslahatlaşyp, halk islegini nazara alyp kabul eden kanuny taglymlarynyň öz ýurdunyň ähli ýerlerinde ýuridiki güýji bolup, ony berjaý etmedik adamlar üçin ýörite çäreler görlüpdir. Munuň özi bolsa bütindünýä jemgyýetçiligindäki häzirki zaman parlament ulgamynyň iş ýörediş usulyna çalym edýär. Çünki, şu döwrüň parlamentinde kabul edilen hukuk namalarynda jemgyýetde kanunalaýyk ýerine ýetirilmedik her bir hereket üçin, her bir adam şahsy jogapkärçilige çekilip, kanun esasynda degişli çäreler görülýär. Bular ýaly hukuk çäresiniň milletbaşymyz Oguz han atamyzyň kanunçylyk taglymlarynda ulanylmagy bolsa, Maslahat, Mejlis, Geňeş ýaly manylary berýän “parlament” diýen fransuz hukuk terminiň aslynda türkmen halkymyzyň 5000 ýyllyk geçmiş taryhyndan – nesilbaşymyz  Oguz han Türkmeniň pähim-parasadyndan gözbaş alyp gaýdýandyr diýsek hakykatdan daş düşmeris. Çünki, etimologiýasy taýdan fransuz sözünden gelip çykan “parlament” diýen  häzirki zaman hukuk terminiň türkmençe aňladýan manysy  halk sesi bilen belli bir möhlete çenli saýlanan agzalary bilen ýurtda  kanun çykarmaklyk, döwlet býujetini işläp düzmeklik, hökümetiň işiniň kanunalaýyklygyny barlamaklyk ýaly işler bilen meşgulýan mejlisdir[10]. Halkara hukuk termini bolan parlamentiň bu hili hyzmaty bolsa milletbaşymyz Oguz han atamyz we onuň nesilleri tarapyndan döredilen türkmen döwletlerinde esaslandyrylan mejlislerde hem ýerine ýetirilipdir. Muny ylmy esasda delillendirýän subutnamany bolsa Oguz hanyň uly ogly Gün hanyň nesilleri tarapyndan esaslandyrylan Beýik Hun döwletiniň mysalynda-da anyk-aýdyň görmeklik bolýar. Hukuk ylymlarynyň kandidaty, dosent B.A. Marjykowyň «Türkmenistanyň döwletiniň we hukugynyň taryhy» atly okuw gollanmasynda bellemegine görä[11], Beýik Hun döwletinde mejlisiň ýylyň dowamynda üç maslahaty bolup, olar şu aşakdaky yzygiderlikde geçirilipdir: 

  1. Mejlis: Din baradaky meseleler maslahatlaşylýardy we ýylyň başynda ýygnanypdyrlar we şu geňeşiň agzalarynyň goldamagy bilen halk islegi nazara alnyp ýörite kararlar we kanunlar kabul edilipdir.
  2. Mejlis: Döwlet baradaky meseleler maslahatlaşylýardy we iýun aýynda ýygnanyşypdyrlar we şu geňeşiň agzalarynyň goldamagy bilen halk islegi nazara alnyp ýörite kararlar we kanunlar kabul edilipdir.
  3. Mejlis: Goşun baradaky meseleler maslahatlaşylýardy we güýzde ýygnany-şypdyrlar we  şu geňeşiň agzalarynyň goldamagy bilen halk islegi nazara alnyp ýörite kararlar we kanunlar kabul edilipdir[12].

Häzirki döwürde-de, din meseleleri babatda-da, döwlet meseleleri babatda-da, hat-da goşun babatda-da kabul edilýän kanunlar ýörite parlamentiň mejlislerinde kabul edilýär. 

Ýeri gelende, ýene-de bir bellemeli zat, Beýik Hun döwletinde parlamentiň hemişe ýurdy dolandyrýan esasy saýlanan mejlisi «Toý» diýlip atlandyryp, ol her ýylyň ahyrynda geçirilipdir. Ýylyň jemleýji geňeşi bolan «Toý» mejlisinde döwlet dolandyrylyşynyň meseleleriniň hukuk esaslaryna gaýtadan seredilip seljerilmeklik bilen, ýetip gelýän täze ýylda edilmeli işler meýilleşdirilip, döwlet býujeti hakyndaky kanun hem kabul edilipdir[13]. Häzirki döwürde-de , döwlet býujeti hakyndaky kanun parlamentiň ýylyň ahyrynda geçirilýän ýörite mejlisinde kabul edilýär. Ine, şunuň özi hem fransuzlaryň «parlament» diýen milli sözüni halkara hukuk termini hökmünde bütindünýä ylmy jemgyýetçiligine ykrar etdirmeginde türkmen halkynyň 5000 ýyllyk geçmiş taryhyndan – Oguz han atamyzyň döwründen orta asyrlar döwrüne çenli dowam eden milli mejlis adatlarynyň jöwhermaýa gönezligi bolandygyny görkezýär. Muňa mertebesi belent hormatly Prezidentimiziň: «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ikinji kita-bynda: «Beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen tejribeleriň alşylmagy, medeniýetleriň täsirleşmeleri türkmen alymlarynyň döreden eserleriniň dünýäniň çar künjüne ýaýramagyna, şeýlelikde, gadymy Oguz paýhasynyň adamzadyň aňyýet ösüşine güýçli kuwwat bermegine getiripdir.»[14] – diýip beýan eden  parasatly taglymy hem aýdyň hakykat hökmünde güwä geçýär.

Halkara hukuk termini bolan fransuzlaryň «parlament» sözi biziň türkmen halkymyzyň dürli taryhy döwürlerinde «Geňeş», «Maslahat», «Toý», «Mejlis»ýaly dürli manylarda ulanylypdyr. Bu sözleriň ählisi biri-biri bilen aňladýan manysy bir bolan manydaş sözlerdir[15]/[16]/[17]/[18]. Beýik Seljuk türkmenleriniň döwletinde «Ýokary ýygnak»[19], Köneürgenç türkmenleriniň döwletinde «Ýokary Mejlis»[20] diýlip parlamentiň tapawutlandyrylmagy, onuň türkmenleriň bu ýurtlarynda iki şahadan ybarat bolandygyny görkezýär. Çünki, häzirki zaman parlament sistemasynyň iki palataly ýurtlarynyň käbirlerinde mejlisiň ýokary palatasy «Ýokary ýygnak» diýlip atlandyrylýar. Ine, şunuň özi  bolsa, häzirki zaman hukuk ylmynda parlamentiň iki palataly kämil ulgamynyň kemala gelmeginde-de türkmen halkynyň Oguz atamyzdan gaýdýan milli kanunçylyk taglymlarynyň hamyrmaýa gönezligi bolup hyzmat edendigini görkezýär. Bu ýerde biziň iki palataly parlament ulgamynyň döremegindäki düýp esas özenini hem milletbaşymyz Oguz han atamyzyň milli kanunçylyk ýörelgeleri bilen baglanyşdyrmagymyz ýöne ýere däldir. Çünki, Oguz han atamyz maslahat geçirende geňeşde ogullary «Üç ok» we «Bozuk» diýip, iki şaha bölüp,özüniň kanunçylyk taglymlary barada pikir alyşmagy hem häzirki zamanyň iki palataly parlament ulgamyna mahsus ýagdaýdyr. Çünki, häzirki zamanyň iki palataly parlament ulgamynyň iki palatasy hem biri-biri bilen arkalaşykly işleşýärler. Munuň özi bolsa biziň ýurdumyzyň konstitusion özgertmelerde halkara tejribesi bilen milli ýörelgelere bütindünýä hukuk ylmynyň iň soňky gazananlary esasynda eýerýändigini görkezýär.

Parlament – her bir ýurduň döwlet berkararlygynyň  kämil binýadynyň  mizemejek synmaz sütünidir. Hut şu nukdaýnazara esaslanyp, 5000 ýyllyk taryhymyzyň gözbaşyndan orta asyrlara çenli ýaşap geçen birnäçe türkmen döwletleri milletbaşymyz Oguz han Türkmeniň: «Mundan soňra ýene-de patyşalardan we hanlardan köp ogullar dünýä gelerler. Eger olaryň ýanlaryndaky ulular, begler, pälwanlar düzgüni-ýörelgäni berk tutmasalar, hanlyk we patyşalyk işi sarsyp, ýok bolar. Şonda Oguz hany arzuw ederler, emma ol bolmaz, ony tapmazlar»[21] – diýen parasatly paýhasyny ýörelge edinmeklik bilen, öz ýurtlarynyň ömrüniň gaty uzak bolmaklygyny gazanypdyrlar. Ine şunuň özi hem, parlamentiň ýurduň durmuşynda, döwletiň berk binýady bolup esasy rol oýnaýandygyny görkezýär.

Baky Nurmuhammedow
Magtymguly adyndaky TDU-nyň
hukuk hünäriniň talyby

Toýly Jänädow
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň
Ruhubelent geňeşliginiň ýaşaýjysy


[1] «Türkmenistan» gazetiniň 2020-nji ýylyň 20-nji awgustynda çykan  sanynyň 1-nji sahypasy.

[2] Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmen medeniýeti. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2015. 13-nji sahypa.

[3] A. Gubaýew, Ý. Orazgylyjow, T. Sahydow. Türkmenistanyň taryhy (iň gadymy döwürden VII asyra çenli). Ýokary okuw mekdepleriniň taryh hünäriniň talyplary üçin synag okuw kitaby. Aşgabat, 2010. 97-98-nji sahypalar.

[4] Ýazyjy ogly Aly. Seljuk türkmenleriniň taryhy. I j., A.: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2004. 38-nji sahypa.

[5] Ataýew K. Oguz dessanlary. Orta we ýokary okuw mekdeple­ri üçin okuw gollanmasy –A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2013. 21-nji sahypa

[6] B.A. Marjykow. Türkmenistanyň döwletiniň we hukugynyň taryhy. Aşgabat – 2010. 114 – 115-nji sahypalar.

[7] Əkbərov Rahib Abdulla oğlu, Nəzirov Cəlal Qədir oğlu. Xarici ölkələrin dövlət və hüquq tarixi. Azərbaycan dilində. Qanun 2005, 88 sahypa

[8] Mälikova M.F., Nəbiyev E.Q. Müasir dövlət və hüquq tarixi. “Elm və Həyat” nəşriyyatı. Bakı. 2003; 355-nji sah.

[9] Ýazyjy ogly Aly. Seljuk türkmenleriniň taryhy. I j., A.: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2004. 38-nji sahypa.

[10]  Büyük Türkçe sözlük. 2844-nji sahypa. (elektran kitap) elektron salgysy: esgici.net

[11] B.A. Marjykow. Türkmenistanyň döwletiniň we hukugynyň taryhy.  Aşgabat – 2010. 114 – 115-nji sahypalar.

[12] B.A. Marjykow. Türkmenistanyň döwletiniň we hukugynyň taryhy. Aşgabat –  2010. 114 – 115-nji sahypalar.

[13] B.A. Marjykow. Türkmenistanyň döwletiniň we hukugynyň taryhy. Aşgabat – 2010. 114 – 115-nji sahypalar.

[14] Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi. II kitap. – A.: TDNG, 2018. 8-nji s.

[15] Atanyýazow S. Türkmen diliniň sözköki (etimologik) sözlügi. A.: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2004. 168-nji sahypa

[16] Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. Iki tomluk. II tom. K-Z – Aşgabat: Ylym, 2016. 88-nji sah.   

[17] Atanyýazow S. Türkmen diliniň sözköki (etimologik) sözlügi. A.: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2004. 354-nji sahypa

[18] Atanyýazow S. Türkmen diliniň sözköki (etimologik) sözlügi. A.: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2004. 238-nji sahypa

[19] B.A. Marjykow. Türkmenistanyň döwletiniň we hukugynyň taryhy. Aşgabat – 2010. 88-nji sahypa.

[20] Watwat R. Resmi hatlar. A.: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2004. 31-nji sahypa.

[21] Ýazyjy ogly Aly. Seljuk türkmenleriniň taryhy. I j., A.: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2004. 36-njy sahypa

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok