Näme üçin ylmyň taryhy birnäçe beýik matematikleri, fizikleri, himikleri bilse-de, meşgur pedagoglaryň şeýle az bolýandygy hakynda pikir etdiňizmi? Siz ýeňillik bilen atly ýazyjylaryň, suratkeşleriň, kompozitorlaryň köp sanyny agzap bilersiňiz we elbetde, pedagoglaryň bolsa ondan köp atlary ýadyňyza düşmese gerek. Hakykatdan-da näme üçin?
Adamzadyň işiniň köp görnüşleri adama gös-göni degişlidir, ýöne olaryň içinde lukmanyň, ýuristiň we pedagogyň käri adamyň öz ykbaly bilen bagly bolýar.
Ine şonuň üçin hem şu hünärmenleriň hersi diňe hünär bolman, hatda adamyň beýik wezipesi bolmalydyr, onuň saýlanylmagy bolsa saýlaýanyň öňünde ýaşaýyşyň borjuny ýerine ýetirmek hökmünde kabul edilmelidir.
Bu hünär klassik üçligi bolan hakykaty, ýagşylygy we owadanlygy emele getirýän ýokary ynsanlyk gymmatlyklary bilen bagly.
Alymyň bu pedagogiki, mugallymçylyk işi, onuň berýän ylmy derejesi bilen çäklenmeýär, eýsem ol gutulgysyz terbiýeçilik işine öwrülýär.
Gowy pedagok bolmak üçin alym, filosof, artist, terbiýeçi we adam bolmalydyr.
Okatmak – bütin ömrüň hyjuwy, söýgüsi, işi bolmalydyr.
Şonuň üçin dünýä belli bir filosof okuwçy (gimnaziýaçy) bolan döwründe: “Ýaş ýigidiň hünär saýlamagyndaky oýlanmalary” tema boýunça ýazan düzmesinde hünäri bütin ömrüň işi bolar ýaly edip dogry saýlamak barada aýdylýar.
Pedagog özüni mugallym hökmünde kämilleşdirmek üçin örän köp işlemäge borçludyr: şonuň üçin oňa hemme wagtda diňe öz dersini, onuň taryhyny we filosofiýasyny öwrenmekden daşary, özüniň okatmak ussatlygyny hem kämilleşdirmelidir.
Lektor – bu dirižordyr. Ol auditoriýany dolandyrmagy başarmalydyr. Diňleýjiler siziň her bir sözüňizi almalydyr, ünsli we minnetdar bolmalydyr. Onuň üçin bolsa her bir leksiýanyň öňünden pikirlenmelidir we her leksiýa ymykly taýýarlanmalydyr. Leksiýanyň režisurasy hökmandyr. Bu ýerde hemme zadyň manysy bardyr: auditoriýa nähili girdiňiz, diňleýjiler bilen aragatnaşygy, olara bolan tomaşaçylyk täsirini (tagtany, yşaratlary, üm hereketleri), ses täsirini (sesiň ýokarlygy we güýji, diksiýa, dymmak) gurnap bilmeklik size başartdymy we ş.m.
At-abraýly Gaspar Monž öz döwründe örän gyzykly lektor bolan. Onda birazyrak düşnüksiz geplemek häsiýeti bardy. Ýöne muňa garamazdan ol diňleýjilerine şeýle bir ünsli garaýardy. Käte, bir diňleýjiniň onuň aýydanlaryna düşünmedigini görse, leksiýany besedip, onuň ýanyna baryp oturyp oňa düşündirmäge başlaýardy. Garrandan soň ol sagdyn hem bolsa leksiýa okatmagyny goýdy. Ol özüniň öňki ýaly täsirli el yşaratyny edip bilmeýändigini we özüniň yşarat herekedini ýitirendigini aýydýardy. (Ol bolsa üstler boýunça teoriýany okadýardy). Bu adam el yşaratyna şonuň ýaly ähmiýet bildereni üçin, hatda leksiýalaryny okamagyny goýbolsun eden.
Pedagogiki hadysa ilkinji nobatda terbiýeleýji hadysa bolup durýar. Bir tarapdan okatmak usulynyň özi, beýleki tarapdan bolsa hemme okuw prosesi durşuna, onuň içgi dünýäsi, galyberse-de pedagogyň öz şahsyýeti talyba terbiýeleýji tasir edip durýar.
Dersi okatmak usulyýetine degişlilikde – ilkibaşda onuň beýanyna dogry we çuňňur filosofiki pelsepe siňdirilen bolmalydyr.
Beýan edilýän dersiň filosofiki esaslandyrmasy, pedagogdan meseläniň taryhyny bilmegini talap edýär, şeýle hem diňleýjilere käbir taryhy (hatda terjime hal) maglumatlary aýtmak zerurlygyny getirýär, şol maglumatsyz bolsa käbir pikiriň ýa-da bir teoremanyň hem döremegi asla düşnüksizdir we şonuň üçin teoremanyň özi diňleýjilere tötänleýin, emeli toslanan, ýüzleý dörändir diýen täsirini edýär.
Hakykatdan hem talyplara diňe haýsy-da bolsa bir düşünjäniň, teoremanyň, usulyýetiň döremegi, ösüşi barada gysgaça aýdylandan soň we haçanda hakykaty gözleýän adam pikiriniň egrem-bugram ýoly yzarlananda, olar hemme jany-teni bilen şolar ýaly gözlegleriň gereklidigini, wajypdygyny we gyzykdyryjy kyndygyny duýsalar, haçanda olar ylmyň klassiklarynyň pikirleriniň ussatlygyna we güýjüne haýran galanlarynda, diňe şonda olaryň öňünde açylan pelsepäniň matematiki taýdan şekillendirmesine geçmek bolar.
Bu bolsa hemme beýan edilýän pikiriň adaty gutarnygy, onuň toplanmagy we inçeden şekillendirmesi bolar.
Okatmaklyk prosesi, terbiýeçilik prosesinden özbaşdak üzňe seredilip bilinmeýär: diňleýjä bu iki özara baglanyşyklar elmydama bitewidir.
Şonuň üçin biz ýokary okuw mekdebimizden diňe sowatly inženeri -iş dolandyryjyny däl-de, formulalardan dykalanan, olardan hem özi gorkýan, düşünmeýän, işlemeýän we düşünip bilmeýän, durmuş ýodasyndan kiçijek, ujypsyz bähbitleriň we hileleriň körek alagaraňkysyndan süýşenekläp ýörjek däl-de, çuňňur we ylmy taýdan pikirlenýän inžener-döredijini goýbermäge borçlydygymyzy elmydama ýatda saklamalydyrys.
Mugallym öz işiniň dogrydygyna we güýjüne ynanmalydyr, ol ilki bilen özüne diňe pedagog hökmünde däl-de, eýsem ilkibaşda adam hökmünde talap ediji bolmaga borçludyr.
Hojadurdy Hojadurdyýew, Seýitguly Nurnazarow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary
Teswirler