Elektrik energiýasynyň tygşytlamagyň mümkinçiligi

Häzirki döwürde öndürilýän elektrik energiýanyň möçberi diňe ýurduň senagat kärhanalaryny we ilatyň islegini doly kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem elektrik energiýany daşary ýurtlara eksport etmäge hem mümkinçilik berýär.Türkmenistanda elektrik energiýany öndürmek üçin ýerasty gazylyp alynýan kömrüň, nebitiň önümleriniň we beýlekileriň arasynda ekologiýa taýdan iň bir arassa görnüşi bolan tebigy gaz ulanylýar. Türkmenistanda öndürilýän elektrik energiýa tebigy gazy ýakmagyň hasabyna alynýar. Ýurdumyzda tebigy gazyň örän uly gorlary bardyr. Ata-babalarymyzyň “Aşyny aýan aşa ýeter, donuny aýan toýa” diýip aýdyşlary ýaly, tebigy ýangyjy tygşytly ulanmak her birimiziň borjumyzdyr. Tebigy gazyň uly möçberiniň elektrik energiýany öndürmek üçin harçlanylýandygyny, tygşytlamagyň zerurdygyny hasaba alsak, harçlanyşyň dogry alnyp barylmagynyň örän uly ähmiýete eýedigini göz ýetireris.

Elektrik energiýanyň hil görkezijilerini ýokary derejede saklamak üçin energiýa öndürlende, aralyga geçirlende, paýlananda we ulanylanda ýüze çykýan ýitgileri mümkin boldugyça pes derejede saklamak talap edilýär. Şeýle-de, her bir sarp ediji tygşytlanan elektrik energiýa tok geçiriji liniýalaryň we ony öndüriji generatorlaryň ýüküni azaldýar, enjamlaryň hyzmat ediş möhletini uzaldýar, özüne düşýän gymmatyny arzanladýar. Netijede, energiýa ulgamyndaky ölçegleriň talap edilýän derejede durnukly saklanmagyny hem-de ygtybarlylygyny üpjün edýär. Häzirki döwürde öndürilýän elektrik energiýanyň ortaça 20% töweregi ýagtylandyryş maksatlary üçin ulanylýan çyralara sarp edilýär.

   Ýagtylandyryjy enjam hökmünde ulanylýan elektrik çyralarynyň esasy üç usulda işleýän görnüşleri giňişleýin ýaýrandyr. Olara burumly simli gyzdyrylýan çyralar, elektrolýuminessent çyralar we ýagtylyk şöhlelendiriji diodly çyralar degişlidir.Gyzdyrylýan elektrik çyralary. Elektrik çyralarynyň iň ýönekeý görnüşi gyzdyrylýan çyralar bolup, olar ýagtylandyryjy enjam hökmünde 130 ýyldan gowrak wagt bäri ulanylýar.Onuň işleýşi, uly udel garşylykly we eremek temperaturasy ýokary bolan metallardan taýýarlanan burumly simiň üstünden elektrik togy geçirilende gyzmagyna, çog-gyzyl bolup gyzarmagyna we şöhlelenmegine esaslandyrylandyr.Bu çyralaryň gurluşynyň we taýýarlanyş tehnologiýasynyň ýönekeýligine, ulanmak amatlylygyna garamazdan, olaryň peýdaly täsir koeffisiýentini örän pesdir.Iýmitlendiriji naprýazeniýe peselende peýdaly täsir koeffisiýenti hem peselýär.Şeýlelikde, birnäçe amatlylyklaryna garamazdan, gyzdyrylýan çyralary ýagtylandyryjy hökmünde ulanmak amatsyzdyr. Şonuň üçin energiýa serişdelerini satyn alýan döwletleriň köpüsinde gyzdyrylýan çyralar köp wagtdan bäri ulanylmaýar.

    Elektron ballastly lýuminessent elektrik çyralary. Ýagtylandyryjy gurluşlaryň ikinji görnüşi lýuminessent elektrik çyralardyr.Olaryň işleýiş usuly içi seýreklendirilen gaz we az mukdarda simabyň bugy bilen doldurylan gapda ýerleşdirilen iki sany elektrodyň arasynda gaz zarýadsyzlanmasynyň ýüze çykmagyna esaslandyrylandyr.Şunuň ýaly gurluşlarda döreýän gaz zarýadsyzlanmada,esasan ultramelewşe şöhlelenmäniň diapazonyndaky ýagtylyk tolkunlary şöhlelendirilýär. Şonuň üçin bu çyralaryň daşky örtügi bolup hyzmat edýän çüýşe gabyň iç ýüzüne lýuminessent gatlagy çaýmak arkaly, gurşap alýan daşky giňişlige ýaýradylýan ýagtylyk akymy ak ýagtylygyň diapazonyna özgerdilýär.

Häzirki döwürde bu çyralaryň droselli işe goýberilişi hem-de elektron ballastly görnüşleri giňişleýin ýaýrandyr.Bu çyralarda elektrik energiýany ýagtylylyga öwürmekde ýitgiler hasaba alnanda, olaryň umumy peýdaly täsir koffisiýenti 17-20% töweregi boldy. Şonuň üçin olara energiýa tygşytlaýjy çyralar hem diýýärler.

Ýagtylyk diodly elektrik çyralary. Mikroelektron tehnologiýanyň kämilleşdirilmegi netijesinde ýagtylyk berijiligi ýokarlandyrylan we bahasy arzanladylan diodlar çyra hökmünde ulanmaga mümkinçilik berdi.Ýagtylyk diodlaryň pes ululykly hemişelik naprýaženiýede (her biri ortaça 2,5,3 W) işleýändigi üçin olar impulslaýyn elektron ballast (peseldiji) bilen enjamlaşdyrylýar. Şeýlelikde, peseldijidäki we ýagtylyk diodyndaky ýitgiler hasaba alnanda, bu çyralaryň peýdaly täsir koeffisiýenti ortaça 35-40 % barabardyr. Her bir tehniki serişdäniň ulanylyşynda bolşy ýaly, elektrik çyralar hem ulanylýan ýerlerine, ulanylyş şertlerine, talap edilýän ýagtylandyrylyşa baglylykda saýlanyp alynýar. Önümçilik kärhanalarynda, okuw mekdeplerinde we beýleki döwlet edaralarynda ýagtylandyryş üçin, esasan, lýuminessent çyralar ulanylýar. Emma öýlerde, esasam oba ýerlerinde ulanylyş ýönekeýligi hem-de bahasynyň arzanlygy sebäpli gyzdyrylýan çyralar köp ulanylýar.

Şeýlelikde, ýagtylandyryş üçin ulanylýan gyzdyryjy elektrik çyralarynyň ýerine lýuminessent ýa-da ýagtylyk diodly elektri çyralar ulanylsa, ýurdumyzyň elektrik energiýa ulgamynda energiýanyň uly möçberini tygşytlamaga mümkinçilik berer.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
Oba hojalyk uniwersitetiniň
Oba hojalygyny elektrikleşdirmek we awtomatlaşdyrmak
Kafedrasynyň mugallym-öwrenjisi
Orazgül Annamämmedowa

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok