1939-njy ýylda, Buenos Aýresda geçirilen Xl Bütindünýä poçta kongresinde her ýyl 9-njy oktýabry “Bütindünýä poçta birleşiginiň güni” hökmünde bellemek teklip edildi, sebäbi 1874-nji ýylda şu gün “Bütindünýä poçta birleşigi” esaslandyrylýar, ýöne bu karar güýje girmändi. Şuňa meňzeş karar Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda 1969-njy ýylyň 16-njy Bütindünýä poçta birleşiginiň kongresinde kabul edilýär. Halkara baýramçylyk hökmünde Bütindünýä poçta birleşiginiň güni ilkinji gezek 1970-nji ýylda bellenildi.
1984-nji ýylda Gamburgda geçirilen 19-njy Bütindünýä poçta kongresinde Bütindünýä poçta birleşiginiň gününi Bütindünýä poçta günine öwürmek barada karar kabul edilýär. Ondan öň Ottawada geçirilen XlV Bütindünýä poçta birleşiginiň kongresinde her ýyl hat-ýazuw hepdeligini- 9-njy oktýabrda, Bütindünýä poçta gününi gurnamak kararyna gelinýär. Bu baýram BMG-nyň halkara günleriniň düzümine hem girýär we dünýäde poçta hyzmatlarynyň ýaýramagyna we ösmegine itergi bermek üçin niýetlenendir. 1994-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň karary bilen iýul aýynyň ikinji ýekşenbesi Russiýa poçta güni diýlip bellenildi.
Bütindünýä poçta güni bilen baglanyşykly birnäçe gyzykly çäreler, ýaryşlar geçirilýär. Mysal üçin, 2005-nji ýylda Kamerunda poçta işgärleri bilen CAMTEL telekommunikasiýa kompaniýasynyň işgärleriniň arasynda futbol oýny geçirilýär. Bütindünýä poçta güni mynasybetli poçta markalary, sergileri gurnalýar, konwert çäreleri geçirilýär. 2006-njy ýylda bu günüň hormatynda Arkhangelsk poçta bölüminde “Köýnek hatlary” poçta konwertleriniň sergisi açylýar we Ukrainanyň Donetsk sebitinde haýyr-sahawat sergisi guraldy. Şeýle-de şar we paraşýut poçta uçuşlary geçirilip olar ýörite markalar we stikerler bilen bezelipdir.
2007-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda “ Rus poçta” – nyň sebit bölümlerinde “Men elipbiý çekýärin” atly poçta markasyny çyzmak boýunça bäsleşik geçirildi we ýeňijiler yglan edilip sowgatlar berildi. Bu bäsleşik, ilkinji poçta markasynyň Russiýada dolanyşyga girizilmeginiň 150 ýyllygyna, şeýle hem rus diliniň ýylyna we rus poçtasy ösüşiniň taryhyna bagyşlandy. Bäsleşik Rus poçtasy we Marka neşirýat we söwda merkezi hem-de Russiýanyň Filatelistler bileleşigi tarapyndan gurnaldy.
Nowruz KURBANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby
Teswirler