Kimkä meniň geçmişim?!

Ussat şahyrymyz Gurbannazar Ezizowyň şeýle setirleri bar:
 “Örän aýdyň hem çuň bir hakykat bar:
 Diriler ölüpdir. Diriler ölýä.
 Ýöne şol ölenler müň ýyllar ötüp,
 Başga biri bolup inýär bu dünýä.”

 Dowamynda filosofiki pikiri orta atyp, şahyr öz geçmişini ritoriki sorag bilen aýdyňlaşdyrýar:

 “Beýle bolsa kimkä meniň geçmişim?
 Şahyrmykan?
 Aşykmykan?
 Ýa daýhan?”
 Ine, şu setirlerden ugur alyp, bizem özümize şol soragy berdik. Asyl kärini bilemzok, sebäbi 17 ýaşynda urşa giden Hudaýberdi Baýogly eline bir käri aljak mahallary, ömrüniň baharyny uruşda geçirdi. Diňe bir adam däl, eýsem, millionlarça adam uruşda, ýa bolmasa ty:lda, ýa bolmasa yzynda maşgala eýe çykyp wagtyny geçirdi. On ýedi ýaş esgerlige alynýan ilkinji döwür. Kerim Gurbannepesow öz “A harpy” goşgusynda öz başlangyç mugallymynyň hem urşa gidişini ýatlap:
 “Gidişi, gidişi –
 Gelmedi gaýdyp…
 Ýaşyny hasaplap otursam indi,
 Onunjy klasly Nazar oglumyň
 Ýaşyna-da ýetmän ekeni şindi…” diýip, öz setirlerinde wasp edipdir.
 Aman Kekilowyň “Söýgi” romanynyň baş gahrymany Begenjiň hem urşa gatnaşmagy jahyl çykan ýyllaryna deň gelmegi, ýa bolmasa, dünýä edebiýynda yz goýan Gyrgyzlaryň beýik şahyry Çingiz Aýtmatowyň “Jemile”, “Soltanmyrat” romanlarynyň gahrymanlarynda käbirleriniň urşa irki ýaşlarynda gatnaşandyklaryny görýäris.

 Hudaýberdi Baýogly urşuň gyzgalaňly mahallarynda hem öz maşgala agzalary bilen hat ýazyşyp hal-ahwallaryndan habar tutup durupdyr. Iň soňky ýazan hatynda, ýagny 1945-nji ýylyň aprel aýynyň 26-da şuny belläp geçipdir: “Berlin şäherini eýeledik, nesip bolsa yzyma dolanyp bararyn…” Elbetde bu setirler halyndan söz açsa-da sowet esgerleriniň ýeňişiň arzyly pellesine golaýlandygynam buşlap geçýär.

 8-nji maýda uruş gutardy, 9-njy maýda “Ýeňiş baýramy” yglan edildi. Günler ötdi, aýlar geçdi Hudaýberdi Baýoglundan habar-hatyr, hat-pat bolmady. Inisi Hudaýnazar Baýogly ýigit çykdy, deriksiz ýiten agasynynyň yzyny gözledi. Jogapkär wezipelerdäki adamlara hat bilen ýüzlendi, Hudaýberdi Baýoglundan hiç hili netije tapylmady. Geçen asyryň 80-nji ýyllarynda Aşgabat şäheriniň harby wekiliniň adyndan hat aldy. Hatda: “Agaňyz Hudaýberdi Baýogly Berliniň golaýynda Bernau etrabynda ýerleşýän sowet esgerleriniň mazarlygynda näbelli esgerleriň arasynda jaýlanandygyny babar berýändiklerini” öwrendi.

 Hudaýnazar Baýogly agasyna köp garaşdy, indi agasynyň hatyrasyny hormatlap, ogul agtyklaryndan ikinjisine öz agasyny adyny dakyp Hudaýberdi adyny goýdy.
 Gurbannazar Ezizow:
 “Her kimiň öz iň zerur
 Düýşi bolýar.
 Geň zatlar!
 Geçen uly uruşdan gaýdyp gelýär  düýşünde
 Ölen soldatlar.” diýmeginde-de bir hikmet bar.

 Adyny göterýän şahys Germaniýanyň Berlin şäherine baryp, ol ýerdenem Bernau şäherçesine geçip Sowet esgerleriniň mazarlygyna zyýarat etdi. Ol ýerde birnäçe ofiserdir-generallar, şeýle hem esgerler jaýlanypdyr. Bulardan başga-da ýedi sany näbelli esgerler hem ýatan eken. Şolardan biri Hudaýberdi Baýogly eken. Mazarystanda bellik hökmünde goýlan daşlar 1945-1946-njy ýyllar aralygynda wepat bolan gahrymanlara hormat edilip dikilipdir. Mazarystandan alynan bir gysym toprak 2020-nji ýylda inisi Hudaýnazar Baýoglunyň ýatan guburynyň ýanynda jaýlanyp, onuň hatyrasyna bagyşlanyp 08.05.2020ý. senesinde bellik hökmünde mazar daşy dikildi. Ruhuna aýat-töwir edildi.

Hudaýberdi Baýew

Teswirler

Hb

Elbetde.

Marat

Bäh, awtor öz başyndan geçirenini ýazan ýaly. Tüweleme