Demokratiýanyň gysgaça taryhy

Demokratiýa  döwlet dolandyryşynyň formasydyr. Dolandyryşyň  bu görnüşinde  häkimiýet ähli halka degişli bolýar. Halk   häkimligini ýokary kanun çykaryjy we ýerli häkimiýet edaralaryndaky wekilleriň üsti bilen amal edýär.

    Geçen asyrdan başlap demokratiýa sözi dünýäde iň köp ulanylýan syýasy söze öwrüldi. ,,Demokratiýa” sözi gadymy grek syýasatçylary we filosoflarynyň  pikirleri netijesinde emele gelipdir. Ýagny, demokratiýa ,,demos”-halk, ,,kratos”-häkimiýet, dolandyrmak  diýen  grek sözünden gelip çykypdyr. Ol düşündiriş boýunça – “halk häkimiýeti” ýa-da “demokratiýa dolandyrmaga we  karar kabul etmäge jemgyýetiň ähli agzalarynyň deň hukukly gatnaşýan guramasydyr”.  XIX asyrda ýaşap geçen ABŞ-nyň prezidenti Abraham Linkolnyň sözleri bilen aýtsak demokratiýa – bu ,,halk tarapyndan saýlanan, halk üçin saýlanan halkyň dolandyrmasydyr”. Taryhda  Klaýsenus ,,Afiny demokratiýasynyň atasy” hasaplanypdyr. Sebäbi ol b.e.öň 508-507-nji ýyllarda demokratik pikirleri orta atan ilkinji adamdyr. Aristotel we Platon ýaly gadymy grek filosoflary hem demokratiýa degişli birnäçe teoriýalary öňe sürüpdir.

   Gadymy Afinanyň saýlawlarynda şäheriň ilatynyň ählisi ses bermek hukuklaryna eýediler, emma döwrüň belli bir sebäplerine görä aýallar, gullar, 20 ýaşdan kiçi adamlar we şäherde dogulmadyk adamlar bu hukuklaryndan mahrum edilýärdi. Alymlaryň çaklamalaryna görä, bu sistema takmynan b.e.öň 300-250-nji ýyllarda döräpdir diýip aýdylýar.

    Gadymy Sparta şäherinde hem ses berlişik b.e.öňki 700-nji ýylda ýüze çykypdyr. Ol döwürde esasan Apella ýygnagynda ses berlişik ulanylypdyr. Bu Apella aýda bir gezek geçirilýän, azyndan 30 ýaşyndaky her bir erkek raýatyň gatnaşyp bilýän ýygnagydy.Apellada spartalylar ýolbaşçylary dürli dürli görnüşde ses berip ýa-da gygyrmak arkaly saýlapdyrlar.

     Gadymy Rim hem demokratiýanyň ösen ýerleri hasaplanýar. Emma rim saýlawlarynda ýurduň raýatynyň sany gaty azdy. Halky saýlawlara kän golaýlaşdyrmaýardylar. Şol sebäpli ýurduň ýokary wezipeli adamlaryň köpüsi baý we asylly maşgaladandy.

    Takmynan 1450-1600-nji ýyllar aralygynda häzirki Amerika sebitinde ýaşaýan milletler, esasan hem Irokua milleti Ýewropalylar bilen aragatnaşyk gurmazdan ozal demokratik jemgyýetiň bir görnüşini ösdüripdir. Bu bolsa demokratiýanyň görnüşleriniň dünýäniň beýleki jemgyýetlerinde oýlanyp tapylandygy görkezýär. 

Begenç Aşyrow,
Türkmenistanyň  Daşary işler ministrliginiň
Halkara   gatnaşyklary  institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok