Bitaraplyk – dünýäde Parahatçylygyň we durnukly ösüşiň kepili

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrinde “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan parasatly daşary syýasaty netijesinde ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraý-mertebesi yzygiderli ýokarlanýar. Türkmenistan döwletimiziň daşary gatnaşyklarda öňe sürýän esasy ugrunyň ,,Açyk gapylar” syýasaty bolmagy dünýäniň islendik ýurdy bilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga uly mümkinçilikleri döredýär. Munuň özi Bitaraplyk syýasatyndan gelip çykýan ähli ugurlary berjaý etmekde hem uly ähmiýete eýedir.

Bitarap döwletimiziň daşary syýasat strategiýasynyň esasy maksady dünýä bileleşigi bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginden ybaratdyr.

Dürli döwletler, hususan-da, sebitiň ýurtlary we goňşy döwletler bilen syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Bu barada daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşmelere we hökümetara toparlaryň işine giň orun berilýär. Özara bähbitli we deňhukukly gatnaşyklary alyp barmagyň bu möhüm gurallary hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýlaryna baha bermäge hem-de geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döredýär.

Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy boldy. Şol gün BMG-niň baş edara jaýynda Türkmenistanyň wekilhanasy işläp başlady. Ol bolsa Garaşsyz ýurdumyzyň özüniň hemişelik Bitaraplygyny gazanmaga bolan ilkinji ädimleriniň biri boldy.

Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, bütindünýä bileleşiginiň gymmatlygydyr. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde Garaşsyz Türkmenistanyň bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykrar edilmegi ýurdumyzyň halkara derejesinde at-abraýnyň ýokarydygyny görkezýär.

Hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan Türkmenistan döwletimiz BMG bilen özara gatnaşyklary has-da ösdürmek bilen, Milletler Bileleşigi tarapyndan işlenilip taýýarlanylýan, ählumumy ykrar edilýän halkara hukuk kadalaryna yzygiderli eýerýär. Dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek we çuňlaşdyrmak boýunça ýola goýulan gatnaşyklar täze many-mazmuna eýe bolýar. Ak mermerli paýtagtymyzda 2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy, şeýle-de halkara duşuşyklarynyň we maslahatlarynyň geçirilmegi köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň barha giň gerime eýe bolýandygyny we onuň sebitde parahatçylygy berkitmekde netijeli orun eýeleýändigini tassyklaýar.

Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji günlerinden başlap işjeň daşary syýasaty alyp barýar. Bitaraplyk syýasaty bolsa dünýä giňişliginde ýurdumyzyň amala aşyrýan halkara işlerinde berk esas bolup hyzmat edýär. Dünýä bileleşigi döwletimiziň bitaraplyk daşary syýasat ugruna ýokary baha berýär. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň 69-njy mejlisinde bolsa, dünýä bileleşigine agza döwletleriň 193-siniň goldamagynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” Kararnamasynyň gaýtadan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň alyp barýan parahatçylyksöýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň dünýä ýüzünde ykrar edilýändiginiň ýene-de bir subutnamasy boldy.

Mälim boluşy ýaly, 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry “Halkara Bitaraplyk güni” diýip yglan etmek hakynda Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu waka ýurdumyzyň dünýä giňişliginde uly abraýdan peýdalanýandygynyň hem-de sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjin etmäge uly goşandynyň ykrar edilmeginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Şonuň ýaly-da, şeýle ýokary derejedäki çözgüdiň kabul edilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň umumadamzat bähbitlerine laýyk gelýändigini we onuň hemişelik bitaraplygynyň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde wajyp orun tutýanlygyny görkezdi.

Hormatly Prezidentimiziň öňe süren “Ösüş arkaly parahatçylyk” diýen ynsanperwer ýörelgesi döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň esasynda durýar. Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän parahatsöýüjilik, açyklyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasy özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de netijeli medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge ýardam edýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde “2021-nji ýyl – Halkara parhatçylyk we ynanşmak ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk ýörelgesiniň belent dabaralanmasy boldy. Awtordaşlary hökmünde 73 döwlet çykyş eden bu Kararnama döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylygyň we ynanyşmagyň pugtalandyrylmagy boýunça işlerde, hususan-da raýdaşlyga, ýurtlaryň we halklaryň arasynda gatnaşyklaryň sazlaşygyna ýetmek maksady bilen, syýasy gepleşikleriň, özara düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň esasynda tagallalary birleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

Türkmenistanyň halkara giňişligindäki işjeňligi we diplomatik wekilçiligi ýylsaýyn giňeýär. Häzirki wagtda döwletimiz 147 sany ýurt bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy, 47 sany halkara guramanyň agzasy bolup durýar. Şol bir wagtda Türkmenistan 150 sany halkara konwensiýalara, şertnamalara we beýleki köptaraplaýyn resminamalara gatnaşýar.

Daşary ýurtlarda Türkmenistanyň 40 sany ilçihanasy, konsulluklary we hemişelik wekilhanalary hereket edýär. Türkmenistanda bolsa, hemişelik esasda bolsa 35 sany ilçihana, konsulluklar we 15 sany halkara guramalaryň wekilhanasy işleýär.

Bitaraplyk syýasatyny alyp barýan Garaşsyz Watanymyz dünýä bileleşiginiň işlerine we halkara ösüşiň gaýragoýulmasyz meselelerine örän işjeň gatnaşýar. Halkara gün tertibine girýän derwaýys meseleler, aýratyn-da, syýasy-diplomatik, energetika, ulag-aragatnaşyk, ekologiýa, sport, ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça möhüm halkara başlangyçlary öňe sürýär hem-de olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine ýakyndan gatnaşýar.

Geçen döwürde Türkmenistanyň başlangyçlary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ýokarda agzalan ugurlar boýunça 13 sany Kararnama kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmegini, Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörüte maksatnamasyna (SPEKA) işjeň gatnaşmagyny, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň 11 sany ýörüteleşdirilen guramasyna agza saýlanmagyny biziň diplomatiýamyzyň üstünligi hasaplap bolar” diýip, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň özüniň daşary syýasat ugrunda alyp barýan tutumly işlerine ýokary baha berýär.

Şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmegine 25 ýyl dolýar. Bu şanly sene mynasybetli 2020-nji ýyl ýurdumyzda “Türkmenistan Bitaraplygyň mekany” ýyly diýlip yglan edildi. Türkmenistanyň daşary syýasaty parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, durnukly ösüşiň we halklaryň abadançylygynyň bähbidine hyzmat edýär.

Hormatly Prezidentimiz Bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde çykyş edip öňe süren parasatly başlangyçlarynyň halkara derejesinde ykrar edilmegi biziň her birimizi buýsandyrýar, Watanymyza, Hormatly Prezidentimize bolan söýgimizi has-da artdyrýar.

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy
Hoşgeldi Tahyrow

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok