Şekillendiriş sungatynda Bitaraplygyň şöhlelenilişi

Bu ýylda okuw möwsüminiň birinji tapgyrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýyly bilen baglanyşdyrylyp, “Bitaraplyk –  baky bagtym” atly uçurymlaryň sergisi gurnalyp, ýaş suratkeşler Berdiýew Kerim, Hudaýberdiýew Maksat, Ataýew Şagylyç, Atahanow Arslan, Berdiýew Döwlet, Mämmetgulyýew Derýa bilelikde özleriniň erkin döredijilik eserlerini tomaşaçylara hödürleýärler. Olar öz eserlerinde şekillendiriş sungatynyň bir bölegi nakgaşçylyk ugryndan aglaba bölegi peýzaž žanryndan çykaran işlerinde, Watanyna bolan söýgüsini, dünýä bolan garaýyşlaryny, milli tebigatymyzyň gözelligini, şekillendirendiklerini görmek bolýar. Ýaş suratkeşler milli mirasymyzdan ugur alyp, birnäçe döwrebap eserleriniň üsti bilen durmuşyň gülzarlygyny taslama eserlerinde durup geçmek bolar. 

Ekologiki meselelere bagyşlanan sebit we halkara derejelerinde birnäçe ylmy maslahatlar geçirildi. Olara mysal edip “Sebitiň gurak ýerlerindäki we Garagum çölündäki biosfera goraghanalary we Bütindünýä tebigy mirasynyň ýadygärlikleri arkaly biologik dürlüligi gorap saklamak”, “Aziýanyň gurak we ýarym gurak zolaklarynda suw serişdelerini dolandyrmagyň baş ugry we tejribesi”, “Ekologiýa boýunça Türkmenistanyň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy: gazanylan üstünlikler” ýaly halkara ylmy-amaly maslahatlary aýtmak bolar.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda, sungat ojakda bilim alan bu ýaş suratkeşler parahat ýurdumyzda, kiçilikden bir ýerde önüp-ösüp, tebigatyna uýgunlaşyp, şol esasda gözellik duýgularyny kämil edýärler. Şol duýgular bolsa özleriniň Watanyna bolan söýgüsini wasp etmäge itergi berýär. Tebigatyň her bir öwüşgini, mysal üçin bägüller edil ynsanlar ýaly göýä şu günki doguljak günüň hem gowy, şatlykly geçjekdigine ynanmak manysynda başlaryny dogumlylyk bilen galdyrýarlar. Diýmek adamyň özüniň hem tebigata bolan garaýşy bar. Ony duýmaly, gowy görmeli, her zadyň öz medeniýeti bar. Bu ýerden biz tebigatda bize we biziň hereketlerimize meňzeş bir zat bar diýen netijäni çykaryp bileris. Islendik zatdan estetiki duýgyny açmaklyk, gözellik duýgylarynyň alamatlaryny tapmaklykdyr. Megerem synlaýşyňyz ýaly şu eserleriň üsti bilen özüňize gerekli gysgaça estetiki tagam, tebigatyň gözelligini synlamak arkaly düşünmek bolýar. Tebigatyň diýseň gözel görnüşleri, reňk bezegleri, garaz özüne bendi eýläp bilýän “jadyly” ahwalatlary kän duş gelýär. Tebigatyň hillerinden, sypatlaryndan, häsiýetlerinden gowy baş çykaryp, bu bilimiňi öz zehiniň, döredijilik paýhasyň bilen goşmagy başarsaň, şonda iň uly netijeleri gazanýaň, şonça sen öz ýoluňy tapyp başlaýarsyň.

BAHAR Magtymowa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
öwreniji mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok