Eksport potensiýaly – azyk bolçulygynyň habarçysy

Türkmen Oba-hojalyk uniwersitetinde nobatdaky ylmy pikir alyşma duşuşygy geçirildi. Häzirki wagtda içerki bazary doly kanagatlandyrýan oba-hojalyk önümleriniň eksport mümkinçilikleri barada pikir alyşyldy.

Pandemiýa döwründäki çäklendirmelere garamazdan, Türkmenistandaky ykdysady görkezijileriň oňyn görkezmegi oba-hojalyk pudagynda-da syn edip bolýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan oba-hojalyk pudagynda zähmet çekýän kärhanalar, daýhan hojalyklary we telekeçiler duşuşykda şu ýylyň dekabr aýyna çenli içerki bazardan artan önümleriň eksport mümkinçilikleri barada maglumat alyş çalyşy etdiler.

Duşuşykda sogan we sarymsak ýetişdirýän telekeçiler üçin peýdaly bolup biljek maslahatlary özünde jemleýän prezentasiýa hem görkezildi. Onda sarymsak we sogan ýaly ekinlere abanýan keseller hem-de olaryň bejergisi üçin himiki serişdeler barada içgin maglumat berildi.

Prezentasiýada​ himiýa serişdelerini hemişe iň az ýagdaýda ulanmagyň ähmiýetlidigi aýdylyp geçildi. Himiýany dogry ulanmak üçin daýhanlaryň sowatly bolmagynyň hem möhüm meseledigi​ nygtaldy. Dogry maglumatlary degişli adamlara ýetirmek üçin teklipleriň üstünde durulyp geçildi.

Şeýle-de bu derman serişdeleriniň Ýewropanyň we Amerikanyň barlaghanalarynda azyndan 5 ýyl tejribeden geçýändigi, Türkmenistana getirilende bolsa degişli barlaghanalaryň we edaralaryň rugsady bilen satuwa çykarylýanlygy​ barada maglumat berildi. Türkmenistanyň Oba hojalygy we Daşky gurşawy goramak ministrliginiň “Täze oba” žurnalynda agrohimiýa serişdelerini ulanmagyň düzgünleri barada yzgiderli maglumat berilýändigi hem ýeri gelende aýdyldy.

Duşuşygyň ikinji ýarymynda dünýäniň dürli ýerlerinden getirilen däneli ekinleriň Türkmenistanyň şertlerinde ýetişdirilmegi babatda alnyp barylýan tejribe işleri barada hem pikir alyşma geçirildi.

Duşuşyga uniwersitetiň professor​ mugallymlary we höwesjeň talyplary hem gatnaşdy, öz pikirlerini beýan etdiler.

Merdan Ataýew
TSTP​-nyň Aşgabat şäher komitetiniň işjeň agzasy

Şeýle-de okaň:
Şeýle-de okaň:
Papaýa we Banan agaçlaryny köpeltmek meselesine garaldy
Tropiki miweleri Türkmenistanda ýetişdirmek barada ylmy pikir alyşma geçirildi
Injir agajynyň ekilşi barada pikir alyşma geçirildi
Dermanlyk ösümlikler barada ylmy pikir alşyldy
Eksport potensiýaly – azyk bolçulygynyň habarçysy
Oba-hojalygyna zyýansyz möjejikleri köpeltmeli
Oba hojalygynyň ösüşinde tehnikalaryň orny
Musabek Narbaýew güýzlük bugdaýlaryň üstünde tejribe geçdi
29-njy sentýabr – Halkara azyk ýitgilerinden we galyndylaryndan habarlylyk güni
Injir agajynyň ekilşi barada pikir alyşma geçirildi
Ekişiň täze möwsümi
«Ter önüm»-iň gawun çipsileri hakynda söhbetdeşlik
Dünýäniň ikinji uly uglerod dükany
Türkmenistanda hereket edýän sowadyjy ammarlaryň durky täzelener
2020 – 2025-nji ýyllaryň milli Maksatnamasynyň birinji tapgyrynda 53 müň tonnalyk sowadyjy ammarlar gurular
Kerkide döwrebap şaly degirmen gurulýar
«Datmeni» miwe şerbetleriniň 15 görnüşi öndürýär
Bazarlarda haryt bolçulygy yzgiderli üpjün edilýär
“Hasyl – 2019”
Musabek Narbaýew güýzlük bugdaýlaryň üstünde tejribe geçdi
Ilkinji organiki önüm sergä çykaryldy
“Öýlere şatlyk-gülki paýlaýarys”
Ekologiýa howpsuzlygy
Çöl tokaýlyklary
Öri meýdan tokaý zolaklaryny döretmegiň ähmiýeti
Aşgabatda ylmy taslamalaryň sergi bäsleşigi geçirildi
Ekologiýa medeniýeti ýaşlaryň döredijiliginde

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok