Şahyr, žurnalist, mugallym Oguljennet Bäşimowa bilen söhbetdeşligimiz dowam edýär. Ikinji bölümde hem gyzykly temalarda gürrüňlerimiz, pikir alyşmalarymyz bar.
– Multfilmleriň çaganyň aň-düşünjesiniň ösüşine ýetirýän täsirleri näme?
– Ýaş çatynjalar durmuş gurmaka howlukmalymy, ýa-da ilki bilen akyl-pikir kämilligi gerekmi?
– “Ýaş çatynjalaryň hakyky häsiýetleri köplenç ýaşaşyp başlandan soň ýüze çykýar.”
– Maşgalany goramak üçin näme etmeli?
– Çaga üçin ene-atanyň berip biljek iň gymmatly baýlygy näme?
Şu we beýleki soraglara öz pikirlerini we jogaplaryny diňledik. Bu gün size bu söhbetdeşligiň ikinji we soňky bölümini hödürleýäris.
Oguljennet Bäşimowa – şahyr, ýazyjy, žurnalist, terjimeçi. Onuň “Şahyryň gyzy men”, “Göçünden galan gazlar” şygyrlar kitaby; “Yşgyň azany”, “Yşk duzagy”, “Şekilsiz älemden”, “Husn” atly romanlary; “Merwden Mezopotamiýa çenli” ylmy-publisistik kitaby bar.
Magtymguly Pyragy, Möwlana Jelaletdin Rumy, Garajaoglan we Ýunus Emräniň döredijiligi bilen ýakyndan gyzyklanýar. Rumynyň birnäçe saýlanan eserlerini türkmen diline terjime etdi.
Şeýle-de biografiki proza eserleri ýazdy. Möwlanynyň durmuşy bilen baglanşykly “Yşgyň azany”, Garajaoglanyň durmuşy bilen baglanşykly “Yşk duzagy”, Ýunus Emräniň durmuşy bilen baglanşykly “Şekilsiz älemden”, Magtymguly Pyragynyň durmuşy bilen baglanşykly “Husn” atly romanlary we poemalary bar.
Türkmen medeniýetiniň we sungatynyň ägirt halypalary hakynda makalalary, radio we telegepleşikleridir filmleri hem bar.
Şeýle-de okaň:
Ene-ata çagalar üçin gyzykly bolmaly
“Alyslarda galan ýar” Oguljennet Bäşimowa
Teswirler