Edebiýat – giden bir umman. Şygryýet bolsa onuñ läheñlerinden biri. Irki döwürlerden bäri “goşgy” sözi ulanylyp gelýär. Käwagtlar “goşuk”, “koşuk” ýaly görnüşleri hem şol sözüñ deregine ulanylypdyr. Sözüñ gelip çykyşyna seretsek, bir zada, bir kişä goşulan manylarda gelýär. “Şygyr” sözi bolsa arap dilinden gelip çykypdyr. Arap dilinde “şiir” diýip ulanylýar. Sözüñ gelip çykyşyna seretsek, bir zada, bir kişä goşuljak zatda “şuur”, ýagny logika, ýa bolmasa bir maksat bilen düzülmeli. Biziñ pikirimize görä, “goşgy” islendik zada, kişä, ýere goşulyp biliner, emma “şygyr” üçin hökman bir maksat bolmalydyr. Pars edebiýatynda “gazal”, arap edebiýatynda “kasyda”, türkmen edebiýatynda bolsa “goşgy” bardyr. Elbetde, irki döwürlerden bäri ady agzalan milletleriñ edebiýatlary bir-birinden täsirlenendigi mälimdir.
Esasy aýtmak isleýän zadymyz, türkmen edebiýatynyñ şygryýetiniñ täzeden galkynmagynda, söýülmeginde öz goşantlaryny goşan beýik ägirtlerimiz Kerim Gurbannepesowyñ, Berdinazar Hudaýnazarowyñ, Gurbannazar Ezizowyñ, şeýle hem Garaşsyzlyk ýyllaryndan soñ türkmen şygryýetiniñ waspçylary hökmünde parlaýan, ýaş hem bolsa baş şahyrlarymyz Kakamyrat Rejepowyñ we Kerim Hallyýewiñ öz setirlerinde goşgy goşmaga nähili başlandyklaryny ele almakdyr.
Kerim Gurbannepesowyñ “Ýaslyk dramasy” goşgusynda şeýleräk setiri bar: -Tas şahyr, bolupdyň. Borduňam, belkem.
Şahyrlyk ýangyndan başlanýan eken.
Ýene gaýdyp gitdiň. Sowaşdym kem-kem,
Şonda-da kuwwat sen,
Her ýalňyz wagtym…
Bilşimiz ýaly Kerim aganyñ ýaşlyk ýyllarynyñ başlary Tejende geçipdir. Şol ýerde “Gerek” atly gyzy halapdyr. Şol gyzyñ ady agzalan birnäçe goşgulary hem bardyr.
Berdinazar Hudaýnazarow bolsa “Söýgi mukamy” atly goşgusynda: Gözelleriň gözlerinde hümmet bar,
Gül gyzlaryň gujagynda jennet bar.
Şahyr bolan bolsam — şoňa minnetdar,
O ýyllar nähili uzakda galdy – diýmegi, onuñ hem goşgy ýazmaga itergi beren güýjüñ söýgüdigi ikuçsuzdyr. Berdinazar Hudaýnazarowyň “Ilkinji goşgy” atly goşgusynda-da goşgy ýazmaga nähili başlandygy hem mugallymynyñ düzme ýazmak boýunça buýran işiniñ netijesidigi şeýleräk nygtalýar: Bolýan işe seret ýaňky düzmäme,
Mugallymym şonda goýupdyr “5”-lik,
Ilkinji goşgyny şeýdip ýazdyrdy,
Ezizin elinden aldyran ýaşlyk.
Güýzüñ waspçysy Gurbannazar Ezizow bilen Kakamyrat Rejepow dagylar bolsa öz goşgularynda nähili goşgy ýazmaga başlandyklary däl-de ilkinji çap edilen goşgularynyň beren itergisiniň şahyrana döredijilikleriniň dowam etmeklerindäki sebäbi belläp geçýärler. Gurbannazar Ezizow 1969-njy ýylda ýazan atsyz bir goşgusynda şeýle diýýär: -Ilkinji goşgulam edilende çap, Şu günki deý düşýär meniň ýadyma,
Gazeti maňlaýma, gözüme oýkap,
Beýik sözün goşardym men adyma.
Kakamyrat Rejepow bolsa “Bagtyň suraty” atly kitabynda “Ömre deň ahwal” diýen goşgusynda şu setirler bilen suratlandyrýar: -Gözlerinde uçgun, kalbynda heýjan,
Elinde gazeti – galgadyp herýan,
Darajyk köçäniň gyrasyn syryp,
Çepiksije oglan ylgaşlap barýar.
Çap bolupdyr ilkinjije goşgusy –
Bu gün – onuň üçin bir ömre deňdi.
“A-how, çyn şahyr şu” diýenlerinde,
Dünýäň bar şatlygy kalbyna eňdi.
Şahyr Kerim Hally bolsa goşgy ýazmaga başlan wagtyny 2017-nji ýylda ýazan “Ykbalym” atly goşgusynda şeýleräk belläp geçýär: -On bäşde yşk bilen döredi bir güýç,
On sekizde duýdum keramatyny.
Oñ üstüne atdym, şol günden başlap,
Ýangynly ýüregmiñ garamatyny.
Elbetde ady agzalan şahyrlarymyzdan başga şahyrlardanam mysal getirse bolar, emma mowzugymyzyñ uzap gitjegi mälimdir. Her gülüñ özi ysy bar, her şahyryñ ajaýyp döredijiligi bar, hemmesem başymyzyñ täjidir. Mundan beýlek-de türkmen edebiýatynyñ ýoly dowam bolsun!
Hudaýberdi Baýew
Teswirler
Kakamyrat rejepowyñ ,,bagtyn suraty" atly kitabyny almak isleyan , Google da pdf gornushi yok eken . Nireden alyp bilerkam , jogabynyza garashyan . Minnetdar