InAshgabat redaksiýasynyň bu gezekki myhmany Oguljennet Bäşimowa. Onuň bilen çaga terbiýesi, hünär saýlamak we maşgala gymmatlyklary barada söhbetdeş bolduk.
– Çaga öz islän hünärine däl-de, ene-atasynyň saýlan hünäri bilen gitmegi dogrumy?
– Telewizoryň, tehnologiýanyň täsirinden çagalary nädip goramaly?
– Çagany berk saklamak bilen, oňa erkin gurşawy döretmek barada deňagramlylygy nädip saklamaly?
Şu we beýleki soraglara öz pikirlerini we jogaplaryny diňledik. Bu gün size bu söhbetdeşligiň birinji bölümini hödürleýäris.
Oguljennet Bäşimowa – şahyr, ýazyjy, žurnalist, terjimeçi. Onuň “Şahyryň gyzy men”, “Göçünden galan gazlar” şygyrlar kitaby; “Yşgyň azany”, “Yşk duzagy”, “Şekilsiz älemden”, “Husn” atly romanlary; “Merwden Mezopotamiýa çenli” ylmy-publisistik kitaby bar.
Magtymguly Pyragy, Möwlana Jelaletdin Rumy, Garajaoglan we Ýunus Emräniň döredijiligi bilen ýakyndan gyzyklanýar. Rumynyň birnäçe saýlanan eserlerini türkmen diline terjime etdi.
Şeýle-de biografiki proza eserleri ýazdy. Möwlanynyň durmuşy bilen baglanşykly “Yşgyň azany”, Garajaoglanyň durmuşy bilen baglanşykly “Yşk duzagy”, Ýunus Emräniň durmuşy bilen baglanşykly “Şekilsiz älemden”, Magtymguly Pyragynyň durmuşy bilen baglanşykly “Husn” atly romanlary we poemalary bar.
Türkmen medeniýetiniň we sungatynyň ägirt halypalary hakynda makalalary, radio we telegepleşikleridir filmleri hem bar.
Şeýle-de okaň:
“Alyslarda galan ýar” Oguljennet Bäşimowa
Teswirler