8-nji sentýabr – halkara sowatlylyk güni

Halkara sowatlylyk gününiň her ýylyň 8-nji sentýabrynda bellenilmeginiň özünde diýseň uly many bardyr. Çünki, 1965-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda ÝUNESKO tarapyndan Tähranda geçirilen Bütindünýä bilim ministrleriniň “Sowatsyzlygy ýok etmek” atly  konferensiýasynda  “Halkara sowatlylyk gününi döretmek hakynda”  teklip öňe sürülýär[1]. Bu  teklip ÝUNESKO-nyň 1966-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda geçirilen Baş konferensiýasynyň 14-nji mejlisinde oňlanyldy we täze şanly senäni Halkara sowatlylyk gününi döretmek hakyndaky teklibiň öňe sürlen konferensiýasynyň geçirilen güni – 8-nji sentýabrda bellemeklik karar edildi[2]. Bu baýram ÝUNESKO tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň 1948-nji ýylyň 10-njy dekabrynda kabul edilen  Adan hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasynyň 26-njy maddasynyň:  “Her bir adamyň bilim almaga hukugy bardyr. Bilim iň bolmanynda başlangyç we umumy bilim barasynda mugt bolmalydyr. Başlangyç bilim hökmany bilim bolmalydyr”[3] – diýen birinji bölegini durmuşa geçirmeklik maksady bilen döredilen baýramdyr.

            Halkara sowatlylyk güni ilkinji gezek 1967-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda bellenilip geçildi. Şondan bäri, adamzadyň mertebesi we adam hukuklary nukdaýnazaryndan sowatlylygyň ähmiýetini ýada salmak hem-de her bir ýurduň has sowatly we dowamly jemgyýetleri gurmak tagallalaryny güýçlendirmek üçin dünýäde her ýyl Halkara sowatlylyk güni dabaralary geçirilýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, 8-nji sentýabrda bellenilýän Halkara sowatlylyk güni, hökümetlere we raýat jemgyýetine dünýäde sowatlylyk derejesiniň ýokarlanmagyny bellemäge, şeýle-de  sowatyň ýaýramagynyň kynçylyklary barada oýlanmaga mümkinçilik döredýär. Bu maksat, BMG-niň 2030-njy ýyla çenli gün tertibinde bar bolan Durnukly ösüş maksatlarynyň esasy bölegini düzýär. Durnukly ösüş maksatlary bolsa  2015-nji ýylyň sentýabr aýynda bolup geçen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji sessiýasynda dünýä Liderleri tarapyndan kabul edildi.

         Öz döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerinden bäri ÝUNESKO bilen oňyn hyzmatdaşlygy amala aşyrýan Türkmenistan Watanymyzda-da her bir raýatyň sowatlylygyna aýratyn ähmiýet berilýär. 1992-nji 18-nji maýynda kabul edilen Konstitusiýamyzyň 55-nji maddasynda: “Her bir adamyň bilim almaga hukugy bardyr. Umumy orta bilim hökmanydyr, her bir adam ony döwlet bilim edaralarynda tölegsiz almaga haklydyr.”[4] – diýlip beýan edilmegi hem, munuň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda” atly ajaýyp kitabynyň aýratyn bir babyny ýurdumyzda ýaş nesli sowatly, bilimli, giň dünýägaraýyşly kämil şahsyýetler edip ýetişdirmeklik ugrunda alnyp barylýan döwlet syýasatyna bagyşlamagynyň özi, BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň 4-nji maksadynyň türkmen ilinde uly üstünliklere beslenýändigini aýan edýär.                             

Toýly Jänädow
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň
Ruhubelent geňeşliginiň ýaşaýjysy


[1] http://www.apkpro.ru/814.html

[2] https://www.un.org/ru/observances/literacy-day

[3] Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasy. “Ruh” neşirýaty.  Aşgabat – 1995.  11-nji sahypa.

[4] Türkmenistanyň Konstitusiýasy. TDNG. Aşgabat – 2016.  29-njy sahypa.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok