Hytaýda ilkinji gezek Milli deňiz muzeýi meşhur we tejribeli Awstraliýanyň ,,Cox Architecture” studiýasynyň dizaýnerleri tarapyndan gurulypdyr. Bu diýseň täsin muzeýleriniň biri bolup, ol Hytaýyň port şäheriniň biri bolan Týanzin şäherinde we onuň bir bölegi bolsa 42 metr suwuň aşagynda ýerleşipdir.
Özüne çekiji görnüşi we owadanlygy bilen tapawutlanýan muzeý, çylşyrymly gurlyşy sebäpli onuň diwarynyň nirde gutaryp, nirde başlanýandygyny anyklap bolmaýar.
Muzeýiň kompleksi üç gatly, dört sany aýratyn binadan ybarat bolup we olaryň hem her haýsynyň özboluşly ady bolupdyr. “Gadymy okean”, “Häzirki zaman okean”,“Syýasatlar we açyşlar”, “Drakonlar zamany”. Bu zallaryň her birisi bir-birleri bilen özara baglanyşykly bolup, bu ýerlere gelýän adamlaryň Hytaýyň deňiz ewolýusiýasyny öwrenmage mümkinçilik beripdir. Üç gatly milli deňiz muzeýi 80 müň km. kwadrat meýdany eýeläp, ol ýerde 15 sany sergi meýdança ýerleşipdirilip we olar sungat zallary bilen birleşdirilipdir.
Konstruksiýanyň gurluşygyna 17 müň tonna polat, 3,5 müň metr kwadrat ýokary hilli aýna we 55 müň metr kwadrat alýuminiý peýdalanylypdyr.
Alýuminden gurşalan we ullakan aýnalary bolan bu bina aýratyn gözelligi bilen adamlaryň ünsüni özüne çekipdir. Muzeýiň territoriýasynda dynç alyş zonalary we restoranlar hem ýerleşdirilipdir.
Muzeýe elektrik togy gün panelleri arkaly gelip, şäheriň elektrik togynyň üpçünçiligini gowylandyrmaga ýardam edipdir.
Mundan başka-da bu ägirt uly meýdany ekologik taýdan arassa saklamak üçin geotermiki ýyladyş sistemasy ornaşdyrylyp. Ol ýeriň 100 metr aşagynda ýerleşip ähli ýerde onaýly tempereturany saklamaga mümkinçilik beripdir.
Häzirki zaman arhitektorlaryň uly işleriniň netijesinde, Týanzin şäheri tanap bolmajak derejede meşhurlyga eýe bolupdyr.
Garýagdyýew MYRAT
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy
Teswirler