KUWWAT ABRAÝEW – BILIM DÜNÝÄSINIŇ ÝAŞ PARLAK ÝYLDYZY

Ýurdumyzda Bilimler we Talyplar ýaşlar gününiň giňden bellenilýän günlerinde sanly ulgam ýaly häzirki zamanyň döwrebap ylmyna ömrüni baglan ýaş alymymyz  Kuwwat Abraýew bilen taýýarlan söhbetdeşligimizi “Ashgabat.in” portalynyň okyjylaryna ýetirmekligi makul bildik.

            Ata Watanymyz Türkmenistanda halk hojalygynyň ähli pudaklaryna häzirki zaman ylmynyň iň soňky gazananlaryna esaslanýan sanly ulgamy ornaşdyrmaklyk  hem-de bu ugra degişli öz kärine ezber, ökde hünärmenleri ýetişdirmeklik işine  döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde aýratyn üns berilýär. Bu babatda ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika institutynda uly işler amala aşyrylýar. Hut şu nukdaýnazardan-da, bu abraýly bilim ojagynyň şu ýylky uçurymy hem-de täze mugallymy   Abraýew Kuwwat Astanagulyýewiç bilen guran söhbetdeşligimizi Bilimler we Talyp ýaşlar güni mynasybetli ýazga geçirdik.

 – Kuwwat, siziň aragatnaşyk hünärini saýlap almagyňyzyň özi Siziň çagalyk arzuwyňyzmy, ýa-da kämillik ýaşa ýeteniňizde dörän meýliňizmi?

–  Men bu  hünäri okuwçy döwrüm soňky synplarda okavarkam saýlap seçdim we Aragatnaşyk ugruny saýlandygyma diýseň begenýän.

 –  Kuwwat, şu ýylyň iýun aýynda ýurdumyzda uly dabaralara beslenip bellenilip geçilen ylymlar gününde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýaşlaryň arasynda geçiren ylmy işler boýunça bäsleşiginde “DVB-T2 ýerüsti sanly telegörkeziş ulgamlarynyň radiosignallarynyň ýaýraýyş häsiýetnamalaryny öwrenmek” atly ylmy işiňiz bilen ýeňiji bolup, baş baýraga mynasyp bolduňyz. Siziň üstünlik gazanmagyňyza sebäp bolan şu işiňizi saýlap almagyňyza näme sebäp boldy, Sizde şu ylmy işi ýazmaklyga meýil, höwes nädip döredi?

–  Şu ylmy işimi saýlap almaklygyma birinjiden ýurdumyzy ösdürmekde  döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde öňe sürülýän sanly ulgama geçmeklik konsepsiýasyny göz öňünde tutdym. Ikinjiden bolsa ýazjak ylmy işimiň ugry Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan tassyklanan ugurlaryň arasynda bardygy, ýagny “Aragatnaşyk we maglumat ulgamalary”, “kompýuter tehnologiýalary” ýaly ugurlaryň  meniň öz hünärim – sanly ulgam  bilen göniden-göni baglanşykly bolmaklygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ine, şu nukdaýnazary göz öňünde tutup, sanly ulgam bilen baglanyşykly ylmy iş ýazmagy meýil edindim. Ylmy işimde amaly – tejribelikler, hasaplamalar köp geçirilen. Muňa hem meniň öz ugrumdan daşary matematika ugry bilen gyzyklanýandygym şu ylmy işimde ýardam etdi.

 –  Kuwwat, siziň ylmy işiňiziň amaly taýdan ähmiýetli, ýurdumyz üçin bähbitli işdiginiň esaslandyrmasy nämeden ybarat?

–  Ylmy işim bilen baglanyşykly geçiren,  alyp baran işlerimiz,  amaly-tejribeligimiziň netijesi ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde ýerleşen teleradioýaýradyjy ulgamlary sanly ýerüsti telegörkeziş tehnologiýalaryň esasynda kämilleşdirmegiň taslamalary işlenip düzülende ulanylyp bilner. Ylmy işimi , halypam  fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty, dosent  Çary Seýitnepesow bilen alyp bardym .

 –  Kuwwat, siz  Indoneziýada, Gruziýada, Hytaý Halk respublikasynda saparda bolupsyňyz. Bu saparlar ylmy işiňizi öwrenmek maksady bilen bolundymy?

–  Daşary ýurtlarda Gruziýa , Indoneziýa döwletlerinde geçirilen halkara ýaş oýlap tapyjylaryň tasalama olimpiadasyna gatnaşdym. Hytaý Halk Respublikasyna öz ugrum boýunça “Huawei” kompanyýasynyň ýerleşýän merkezi Shenzhen şäherinde, şu kompaniýada okuw  işlerini geçdik .

 –  Kuwwat, ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika institutynyň uçurymy bolup, bu ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamladyňyz. Indi Siz öz saýlap alan ugruňyz boýunça ýokary bilimli hünärmen bolup, Watanymyza  hem halkymyza hyzmat etmeli.  Siziň nesibäňize haýsy iş ýeri düşdi?

–  Men şu ýylyň 1-nji awgustyndan Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we inforatika instititutynda “RA we RTU” kafedrasynda işe başladym.                   

Söhbetdeşligi guran Toýly Jänädow

Abraýew Kuwwat bilen baglanşykly oňki habarlar:
Ylymdan ruhlanan ýaşlaryň ýürek buýsanjy
ÝAŞLARYŇ ARASYNDA YLMY IŞLER BOÝUNÇA GEÇIRILEN BÄSLEŞIGIŇ JEMLERI
Ýaş alymyň terjimehaly

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok