Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesil hakyndaky alada hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan Türkmenistan döwletimizde ösüp gelýän ýaş nesliň döwrüň talaplary esasynda bilim almagy, hünär we ylym öwrenmegi, edep- terbiýeli, ata Watana, il- güne, merdana pederlerimiziň ýol- ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin giň möçberli möhüm özgertmeler amala aşyrylýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde 2019-njy ýylyň 12-nji iýunynda Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda eden çykyşynda bilim- ylym ulgamlarynyň mundan beýläk hem ösdürilmegi boýunça aýdyň maksatlary, belent wezipeleri kesgitledi.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen, 2009- njy ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň “Bilim hakynda Kanuny” kabul edildi we bilim ulgamynyň berk hukuk binýady döredildi. Bu kanun bilim babatdaky jemgyýetçilik gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Bilim ulgamynda döwlet syýasatynyň binýatlyk ýörelgelerini, şeýle hem bilim ulgamynyň maksatlaryny, wezipelerini, hyzmatlaryny we onuň işini dolandyrmagyň tertibini kesgitleýär.
Milli Liderimiziň bilim özgertmelerinde 2013-nji ýylyň 1- nji martynda täze bir sahypa açyldy. Şol gün hormatly Prezidentimiz iňňän möhüm resminamalaryň ikisine- “Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda” Permana we “Türkmenistanda umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasyny” tassyklady. Bu taryhy ähmiýetli möhüm resminamalar bilen ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmelere täzeden badalga berildi. Munuň özi mähriban Arkadagymyzyň bimöçber aladalary netijesinde döwletimiziň bilim ulgamynyň halkara ülňülere laýyk derejede döwrebaplaşdyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.Türkmenistanda dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim bermek maksady bilen, orta mekdeplerde 12 ýyllyk bilime geçildi.
2013-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanunda bilim ulgamy babatda dünýäniň ösen döwletleriniň öňdebaryjy iş tejribeleri, şonuň ýaly- da milli aýratynlygymyz nazara alnyp, oňa halkara derejesinde umumy ykrar edilen kadalar girizildi.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasatyna laýyklykda, milli bilim ulgamyny özgertmek, ony hasda kämilleşdirmek, ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak we mazmunyny baýlaşdyrmak maksady bilen kabul edilen “Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasyny”, “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” , “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny”, üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça tutumly işler alnyp barylýar.
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň hukuk binýadynyň mazmuny, häzirki döwürde yzygiderli kämilleşdirirlýän bilim hakyndaky kanunçylyk ýurdumyzyň raýatlarynyň bilim babatda hukuklarynyň döwlet kepillikleriniň derejesiniň döwrebaplygyny kesgitleýär. Döwlet bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we degişli durmuş- ykdysady şertleri döretmek arkaly, raýatlaryň bilim almaga bolan hukuguny üpjün edýär.
Laçyn HOJAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň
III ýyl talyby
Teswirler