Ata-babalarymyzyň “Herekete – bereket”, “Hereket senden – bereket menden”, “Sagdyn bedende – sagdyn ruh” diýen nakyllary bolsa olaryň gadym wagtlardan bäri saglygyň gadyr-gymmatyny bilendiklerine şaýatlyk edýär. Çünki Hereket üçin saglyk we sagdynlyk zerurdyr. Irki döwürlerde oturymly ýaşaýyşa geçilmegi bilen bedenleri kämilleşen oturymly ilat toparlaryň arasynda üstünlik gazanmagyň çykalgasyny bedenleriniň has kämilleşip, güýçlenmegi bilen baglanyşdyrýarlar, netijede fiziki güýjüň artmagyna bolan höwes sportuň döremegine getirýär. Sport şahsyýetiň beden we ruhy taýdan sagdynlygynyň kämilleşmegi bilen birlikde belli bir düzgünlere görä ýeňiş ugrundaky göreşde üstünlik gazanmaga gönükdirilen hereketdir. Bedenterbiýe bolsa, şahsyýetiň beden hem-de ruhy sagdynlygynyň kämilleşmegi üçin ýerine ýetirilýän hereketleriň jemidir.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda bilim alýan ýaş suratkeşleri türkmen sportunyň, sagdynlygyň, bedenterbiýäniň ähmiýetini şöhlelendirýän ajaýyp eserleri döredýärler. Ýaşlaryň kalbyndan joşup çykan bu sungat eserleri bolsa täze okuw ýyly üçin suratkeş talyplaryň taýýarlan sowgatdyr.
Ýurdumyzda ýaş nesliň ruhy kämilligini bilim-terbiýe, ylym, hünär taýýarlygy kämilleşdirmek işi olaryň beden saglygyny gorap saklamak babatdaky aladalar bilen utgaşdyrylýar. Yzygiderli türgenleşikleri diňe bir adamyň bedenini taplaman, eýsem, berk erki, zähmetsöýerligi, maksada okgunlylygy terbiýeleýär. Şeýlelikde, her bir ýaş suratkeş sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz edýän nakgaşlyk, grafika, heýkel, binagärlik we dizaýn, haly, gobelen, zergärçilik, keramika işleri döretmäge ymtylýar.
Talyp ýaşlaryň sungat eserlerinde welosport, milli göreş, ýeňil we agyr atletika, konkur, küşt, suwda ýüzmek, tennis, futbol, basketbol, woleýbol, buzuň üstünde typmak, atçylyk ýaly sportuň dürli görnüşleri, şeýle hem milli oýunlary dürli çeperçilik akymlary arkaly suratlandyrylýar. Atçylyk sportunyň dürli görnüşleriniň aýratynlygy ýaş suratkeşleri aýratyn hem özüne çekýär. Öwliýaguly Berkeliýewiň “Aýlaw”, Döwletgeldi Kulyýewiň “Bedew batly Watanym”, Bagtyýar Begsähedowyň “Konkur”,Ogulgül Meredowanyň “Konkur” nakgaşlyk eserleri, Rejep Garaýewiň “Atly sport”, Güljahan Garaýewanyň “Owlak gapdy” grafiki işleri, Salyh Saparmämmedowyň “Çapyksuwar” atly heýkelinde, Jemal Goçgulyýewanyň “Çapyksuwarlar”, Aýgözel Babaýewanyň “Konkur” dizaýn taslamalarynda adamyň ata doly düşünýändigini we üznüksiz baglanyşyklydygyny, çapyksuwaryň bedew bilen bilelikde hereket etmegi netijesinde gözel hereketleriniň sazlaşygy emele gelýändigi görkezilýär.
Bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini kemala getirmek, adamzadyň parahatçylyk söýüjilikli maksatlaryny, dostlugy we raýdaşlygy aňladýan welosiped sporty ýaş nakgaşlaryň (Orazmyrat Hojaberdiýew “Welosport”; Nazar Gurbangeldiýew “Türkmen welotregi”, grafikaçylaryň (Şatgül Amangylyjowa “Sport sagdynlyk!”; Suraý Jumaýewa “Welosport”, Parahat Rejepow “Sagdynlyk sport”) heýkeltaraşlaryň (Nazar Bekiýew “Ýeňiş”; Merjen Agaýewa “Welotrek”; Nöker Seýtiýew “Welosport”) döredijiliginde dürli taslama çözgüdi, çeperçilik serişdeleri arkaly şekillendirilýär.
Ýaş binagärler Hemra Annanurow, Resul Tagandurdyýew, Jennet Orazowa, Röwşen Nurgeldiýew, Sapa Wepaýew, Laçyn Ataýewa sport mekdepleriniň, stadionlaryň, merkezleriň binagärlik taslamalaryny döredip, döwrebap tehniki-gurluşyk serişdelerini, özboluşly arhitektura bezegini, milli binagärliginiň çeperçilik dilini täzeçe çözgütleri arkaly ýerine ýetiripdirler.
Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň çeper aýratynlygyny özleşdiren ýaş halyçylar, zergärler, keramikaçylar sportuň dürli görnüşlerini haşam dili arkaly suratlandyryp, täze taslamalary döredýärler. Amangeldi Hojaberdiýewiň “Tennis”, Jeren Rahmanberdiýewanyň “Sport”, Şeker Guwanjowanyň “Basketbola taýýarlyk”, Şirin Guwanjowanyň “Ýeňil atletika”, Begenç Gurbanmuhammedowyň “Tans sporty” atly gobelenlerinde dürli geometrik şekilleri umumylaşdyrylyp dokalan türgenleriň sudurlary bilen sazlaşykda görkezilen.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, köpçülikleýin bedenterbiýesi we sport temalary iň bir wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Şonuň üçin, geçmişde we häzirki günde giňden ýaýran sagdyn durmuş ýörelgesiniň, bedenterbiýäniň we sport oýunlarynyň ähmiýeti ýaş suratkeşleriň döredijiliginde uly orun tutýar.
Jeren Baltaýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
Sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy
Teswirler