Häzirki zaman türkmen şygryýeti döwrümiziň bagtyýarlygyny, söýgi ýakymyna çaýylan täze duýgulary, pikirleri okyjylara ýetirýär. Ýakynda şahyr Gülşirin Hanowanyň «Uçup barýan ak
durna» ady bilen çap edilen ilkinji goşgular kitabyna okyjylar hem awtorça begenen bolsa gerek. Täze kitabyň okyjylar tarapyndan kabul edilişi, kitabyň ilki täsiri, elbetde onuň adyna bagly diýilýär. Göwün guşy galkyjaklap duran okyjynyň pikirlerini özi bilen alyslara äkidýän «Uçup barýan ak durna» poeziýada täze gözýetimleri, täze ýaýlalary nazarlaýar. Gülşirin Hanowanyň «Uçup barýan ak durna» atly ilkinji
kitabynyň neşir edilmegi bilen gutlap, «ak durnalaryň» hataryna ak ýol arzuw edýäris. Täze kitap täze goşgudyr poemalara ylham gönezligi bolsun. Döwrümiziň döredijilige berýän üns-aladalary şahyrdyr ýazyjylarda täze eserleri döretmek, ýazyp ile ýaýmak höwesini joşdurýar.
Poeziýa howasyny täzelän ýene bir neşir
10.06.2020
23:09
0
Teswirler