Watanymyzyň gözellikleri

Her bir adam öz tebigy başarnygy boýunça haýsy hem bolsa bir ugurda  zehinini açyp görkezmäge ukyply bolýar. Suratkeş ýa-da sazanda daşky gurşawdan alan täsirlerinden ruhlanyp, ajaýyp sungat eserlerini, şahyrdyr ýazyjylar bolsa, goşgydyr kyssa eserlerini döredýärler. Emma Muhammet Amanmämmedow öz ukyp-başarnygyny dürli ugurlarda ýüze çykaryp, halkyň söýgüsini gazanan şahsyýetdir. Ol ilki bilen tebigatyň, dünýäniň ähli gözelliklerini jany-teni bilen duýup bilýän suratçy, kolleksioner, ylma, sungata uly hormat goýýan adam hökmünde tanalýar. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň sungat ojagy bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler zalynda gurnalan “Watanymyzyň gözellikleri” atly giň göwrümli sergi doly derejede şaýatlyk edýär. Çünki bu sergi Muhammet Amanmämmedowyň döredijiligini, gyzyklanmalaryny aýdyň açyp görkezýär. Sergiler zalynyň içine özboluşly baý öwüşgin çaýan bu sergi dört bölümden ybarat: ýurdumyzyň dürli künjekleriniň, galyberse-de ençeme beýleki ýurtlaryň gözel tebigatyny wasp edýän fotosuratlardan, wideo ýazgylardan, şeýle-de fotoapparatlaryň uly toplumyndan we uruş ýyllaryna degişli esbaplaryň ýygyndysyndan.

Bu aýdylanlaryň ählisi Muhammet agany işjeň, höwesjeň adam hökmünde ýüze çykarýar. Onuň 500 golaý fotosuratlarynda tebigatyň haýran galdyryjy we gaýtalanmajak gözelligi, täsinligi inçelik bilen suratlandyrylýar. Onuň fotosuratlary şeýle ummasyz möçbere eýedigine garamazdan, olar her birine mahsus aýratynlyk bilen tapawutlanýarlar. Fotosuratçy tebigatyň iň ýakymly, ajaýyp bir pursadyny tutup, şol pursady çeýelik bilen surata düşürmegi başarýar. Olary synlan her bir tomaşaçy özüni göýä dünýäniň şol ajaýyp ýerinde ýaly duýup, ýatdan çykmajak duýgulary başdan geçirýär. Suratçy diňe ýurdumyzyň çägindäki täsinlikleri beýan etmek bilen çäklenmeýär, onuň dünýäniň dürli ýurtlaryna eden jahankeşdelik syýahatlary suratçynyň döredijiligini has hem baýlaşdyrdy. Onuň Germaniýa, Şweýsariýa, Wena, Lihtenşteýn, Çehiýa, Belorussiýa ýaly ýurtlara eden syýahatynda alnan ençeme suratlar sergä gelen her bir tomaşaçyda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar.

Serginiň merkezini bezäp duran uruş ýyllaryna degişli esbaplar, harby lybaslar, söweş gurallary, şeýle-de Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlarynyň fotosuratlary we olara degişli resminamalar her bir adamy geçmişiň çuň sahypalaryna alyp gidýär. Olar bilen birlikde, Muhammet aganyň uly yhlas bilen höwes edýän hünäri bilen baglylykda, dürli ýyllara degişli fotoapparatlaryň  giň gerimli ýygyndysy uly gyzyklanma döredýär. Fotoapparatlaryň görnüşlerinde biri-birinden tapawutlylygyny, tehnikanyň barha kämilleşýän ösüşini anyk görmek bolýar.

Muhammet Amanmämmedow öz döredijiligini barha kämilleşdirýär, özüniň fotosuratlaryny, öý muzeýinde saklanýan dürli eksponatlaryny yzygiderli sergi edip, halka ýetirip durýar. Ýeri gelende aýtsak, Muhammet aganyň öý muzeýinde saklanýan müňlerçe kitaplar, dürli tapyndylar we ençeme surat eserleri onuň köptaraplaýyn dünýägaraýyşynyň çäksizdigini aýdyň ýüze çykarýar. Suratkeşiň Ýurdumyzyň dürli ýerlerinde, Çehiýa, Russiýa ýaly ýurtlarda geçirilen sergileri onuň fotosuratlaryna bolan islegi has hem artdyrdy. Her sergide suratçy öňkä garanda has gowy, ussatlyk derejesine ýeten has kämil işlerini halka hödürleýär. Bu işleri synlan her bir tomaşaçy tebigatyň ajaýyplygyndan ruhlanýar, onuň täsinliklerinden lezzet alýar.

Gülnara Kurbanmuhammedowa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok