Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Diller dünýäsi” dil merkezinde “3D modelirleme we karýera” atly workshop duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda “Daýan” okuw merkeziniň 3D modelirleme boýunça mugallymy Abdylla Annamämmedow öz çykyşynda 3Ds Max programmasynyň ulanylşy, 3D işleriň görnüşi, ädimleri we goşmaça programmalar barada gürrüň berdi.
Dizaýner Kanat Täjibaýew müşderileriň sargamalary esasynda ýerine ýetiren işleri barada gürrüň berdi. Edilýän işlerdäki detallaryň grafikalaryny görkezdi. Galyberse-de döredijilik maksady bilen işlän işleriniň hem ylham we tejribe üçin uly orun eýeleýändigini nygtady.
Telekeçi Durdy Kuljaýew, 3D dizaýnerleriň kimdigi, dizaýn studiolar näme işi ýerine ýetirýändigini gürrüň berdi. Bu ugurda hünärmenlere bolan talap Türkmenistanda-da, dünýäde-de barha artdýandygyny we örän abraýly hünärdigini nygtady.
Duşuşyk panel görnüşde dowam etdi. Çykyş edenler myhmanlaryň soraglaryna jogap berdi.
Şeýle-de bu workshop duşuşygyna gatnaşan “Seýrana Mahabat” kärhanasynyň başlygy Myrat Hudaýberdiýew hem dizaýn işleri bilen baglanşykly öz tejribelerini paýlaşdy.
Teswirler