Startap ekosistemasynda maglumat tehnologiýalarynyň (IT) orny

Häzirki döwürde startap ekosistemasy dünýä ykdysadyýetiniň innowasion ösüşiniň esasy hereketlendiriji güýçleriniň biri hökmünde çykyş edýär. Bu ekosistemanyň merkezinde bolsa maglumat tehnologiýalary (IT) durýar. IT diňe bir startaplaryň tehniki binýadyny üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem olaryň ösüş depginini, bazara çykmak tizligini we bäsdeşlik ukybyny kesgitleýän möhüm faktor bolup hyzmat edýär.

Startaplaryň üstünlik gazanmagynda IT ulgamlarynyň roly aýratyn möhümdir. Programmirleme dilleri, maglumat bazalary, bulut tehnologiýalary we API ulgamlary täze ideýalary gysga wagtda amaly çözgütlere öwürmäge mümkinçilik berýär. Mysal üçin, minimal işleýän önüm (MVP) konsepsiýasy IT-niň mümkinçilikleri arkaly gysga wagtda işlenip taýýarlanyp, bazarda synagdan geçirilýär. Bu bolsa telekeçilere töwekgelçiligi azaltmaga we müşderileriň talaplaryna laýyklykda önümi kämilleşdirmäge şert döredýär.

Ylmy taýdan seredilende, startaplaryň ösüşinde maglumat seljermesi (data analytics) we emeli aň (AI) tehnologiýalary aýratyn orun eýeleýär. Uly maglumatlaryň (Big Data) seljerilmegi arkaly bazar tendensiýalaryny öňünden kesgitlemek, müşderi özüni alyp barşyny analiz etmek we strategik çözgütleri kabul etmek mümkin bolýar. Şeýle-de bulut hasaplamalary (cloud computing) startaplara ýokary çykdajylarsyz infrastruktura döretmäge mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda dünýäniň öňdebaryjy startap ekosistemalarynda — ABŞ, Ýewropa we Aziýa ýurtlarynda — IT tehnologiýalaryna daýanýan kompaniýalar ykdysady ösüşiň esasy bölegini emele getirýär.

Türkmenistanyň şertlerinde hem startap medeniýetini ösdürmekde IT-niň orny barha artýar. Ýaşlaryň arasynda programmirleme, sanly hyzmatlar we innowasion pikirleniş boýunça bilimleriň ýokarlanmagy täze taslamalaryň döremegine itergi berýär. Döwlet tarapyndan sanly ykdysadyýeti ösdürmek, ýaş telekeçileri goldamak we innowasion taslamalary höweslendirmek boýunça alnyp barylýan işler startap ekosistemasynyň kemala gelmegine möhüm täsir edýär.

Yslam ATAÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we 
informatika institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok