Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dabaralar zalynda “Estrada sungaty” kafedrasynyň uçurymlarynyň ýerine ýetirmeginde guralan ajaýyp konsert maksatnamasy milli saz sungatymyzyň ýene-de bir ädim öňe atandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Köp ýyllaryň dowamynda bilim alan ýaş zehinler öz ussatlyklaryny, döredijilik başarnyklaryny we saza bolan çäksiz söýgüsini şowhunly owazlar arkaly tomaşaçylara peşgeş berdiler. Bu döredijilik konserti diňe bir talyp ýyllaryň netijesi bolman, eýsem, täze ýyldyzlaryň uly sungat älemine gadam basýan ilkinji dabaraly menzili hökmünde ýatda galdy.
Konsertiň dowamynda uçurymlar öz ussatlyklaryny dürli žanrlarda – hem milli klassikamyzyň nusgalarynda, hem-de dünýä estradasynyň meşhur eserlerinde görkezdiler. Konsert D. Hydyrowyň G. Ezizowyň sözlerine düzen “Şadyýan gün” atly şadyýan owazy bilen başlanyp, tomaşaçylarda ýakymly duýgulary oýardy. Magtymguly Pyragynyň sözlerine düzülen A. Abdyýewiň “Gerekir” we “Eý jenan” ýaly eserler talyplaryň milli mirasa bolan sarpasyny görkezdi. D. Myradowyň ýerine ýetiren “Goşa tar” aýdymy bolsa sahnada aýratyn şowhun döretdi.
Ýaş zehinler diňe bir milli däl, eýsem halkara estradasyna hem erk edýändiklerini subut etdiler. R. Amanjanowyň we A. Akmyradowyň ýerine ýetiren türk aýdymlary, aýratyn-da meşhur “Aramam” eseri tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Şeýle-de, A. Öwezowyň rus dilinde ýerine ýetiren we zenanlara bagyşlanan täsirli aýdymy konsertiň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrdy.
Ýerine ýetirilen aýdymlaryň arasynda “Göýberme meni” ýaly döwrebap eserleri uçurymlaryň häzirki zaman estrada ugruna doly taýýardygyny subut etdi. Her bir çykyşda talyplaryň ses ukuby, sahna medeniýeti we saz gurallary bilen işlemek ukuby aýdyň ýüze çykdy.
Bu hasabat konserti “Estrada sungaty” kafedrasynyň mugallymlarynyň çeken zähmetiniň ýokary netijesidir. Konsertiň ahyrynda uçurymlar uly sungat ýoluna ak pata alyp, türkmen medeniýetiniň sahypalaryna täze owazlary goşmaga taýýardyklaryny görkezdiler.
Bu ajaýyp döredijilik konsertiniň ýurdumyzda medeniýeti we sungaty ösdürmek ugrunda alnyp barylýan tutumly işleriň aýdyň miwesidir. Ýaş zehinleriň öz ukyplaryny doly açmaklary, dünýä derejesinde bilim alyp, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris. Milli mirasymyzy dünýä ýaýmakda, estrada sungatymyzy täze belentliklere götermekde döredip berýän giň şertleri üçin Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!
Jemal BEGENJOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň
II ýyl talyby.
Teswirler