Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde 4 müň 500 hojalyga niýetlenen täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.
Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Oba milli maksatnamasynda, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” göz öňünde tutulan işleriň çäklerinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap ýaşaýyş jaýlary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda düýbi tutulýan täze, döwrebap şäherçe hem munuň bir mysalydyr.
Düýbi tutulýan täze, döwrebap şäherçede-de ähli amatly şertler dörediler. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan guruljak täze şäherçe 800 gektardan gowrak meýdany öz içine alar. Ýolöten etrabyndaky täze şäherçede jemi 22 müň 500-den gowrak ilata niýetlenen 4 müň 500 sany ýaşaýyş jaýy bina ediler. Bu jaýlarda adamlaryň ýaşamagy üçin amatly şertler dörediler. Şeýle hem bu ýerde Geňeşiň edara binasy, orta mekdepler, çagalar baglary, saglyk merkezleri, medeniýet öýi, metjit gurlup ulanmaga berler. Täze şäherçede döwrebap durmuş üpjünçilik ulgamlary hereket eder. “Şeýlelikde, ýene-de az wagtdan Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda ýaşamak üçin ähli şertleri bolan täze şäherçe bina ediler. Täze şäherçäniň gurulmagy ýurdumyzda bagtyýar halkymyzyň abadan durmuşy ugrunda tutumly işleriň rowaçlanýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezer” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň beýleki welaýatlary bilen bir hatarda, Mary welaýatynyň hem durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini, bu ýerde kuwwatly senagat kärhanalarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň yzygiderli gurlup ulanmaga berilýändigini, ýakyn günlerde bolsa möhüm ähmiýetli taryhy taslamanyň — «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryna badalga beriljekdigini belledi.
“Biz geljekde hem ýurdumyzyň welaýatlaryny toplumlaýyn ösdürmek, döwrebap desgalary gurmak, täze önümçilikleri döretmek boýunça maksatnamalaýyn işleri üstünlikli dowam etdireris. Biziň esasy maksadymyz halkymyzyň, her bir maşgalanyň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekden ybaratdyr” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda döwrebap, täze şäherçäniň gurluşygyna badalga berilmegi bilen hemmeleri ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.
TDH.
Teswirler