Diýarymyzda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilýän köpçülikleýin sport çäreleri jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmekde möhüm orun eýeleýär. Şolaryň hatarynda aýratyn ähmiýete eýe bolan welosipedli ýörişler diňe bir ilatyň saglygyny berkitmäge däl, eýsem sport medeniýetini ösdürmäge hem giň mümkinçilik döredýär. Şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmegi Türkmenistanyň bu ugurda öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Häzirki wagtda sport diplomatiýasy Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugruna öwrülip, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täsirli guraly hökmünde çykyş edýär. Bu ugur arkaly ýurtlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklar pugtalandyrylýar, parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeler giňden wagyz edilýär. Türkmenistan iri sport çärelerini geçirmek we täze başlangyçlary öňe sürmek arkaly sportuň diplomatik mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýan döwlet hökmünde halkara giňişlikde tanalýar.
Şanly sene mynasybetli guralan welosipedli ýörişe gatnaşyjylar paýtagtymyzyň Çandybil şaýoly bilen Bekrewe köçesiniň çatrygynda ýerleşýän «Welosiped» binasynyň ýanynda ýygnandylar. Bu ýerden badalga alan ýöriş ýokary ruhubelentlik we agzybirlik ýagdaýynda dowam etdi.
Çärä diňe bir ýerli ýaşaýjylar däl, eýsem daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri hem işjeň gatnaşdylar. Şeýle hem welosport boýunça milli ýygyndy toparyň türgenleri, talyplar, ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdepleriniň okuwçylary, Döwletliler köşgünde terbiýelenýän ýaşlar hem-de jemgyýetçilik wekilleri bu köpçülikleýin çärä özleriniň işjeň gatnaşmagy bilen aýratyn öwüşgin berdiler.
Roza AŞYROWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby.
Teswirler