“Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde görnükli türkmen kompozitorlary – Rejep Allaýarowyň, Baýram Hudaýnazarowyň we Çary Nurymowyň ýubileýlerine bagyşlanyp “Gündogaryň we Günbataryň medeni adatlarynyň taryhy-genetiki arabaglanyşygy” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre saz ojagymyzda bilim alýan talyplary we mugallymlary bir ýere jemläp, meşhur şahsyýetlerimiziň döredijiligini içgin öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.
Maslahaty ýokary guramaçylyk derejesinde alyp baran “Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň uly mugallymy Şemşat Annagylyjowa çykyşlaryň sazlaşykly we manyly geçmegini üpjün etdi. Onuň ussat ýolbaşçylygynda maslahat bitewi we täsirli medeni giňişlige öwrüldi.
Maslahatda kafedramyzyň uly mugallymlary we Daňatar Öwezow adyndaky sazçylyk mekdebiniň mugallymlary çykyş etdiler. Ilkinji bolup “Mukamyň täzeçe beýany” atly tema bilen dosent Ýelena Osipowa çykyş etdi. Ol B.Hudaýnazarowyň “Goňurbaş mukamynyň” temasyny öz eserinde täze öwüşginde ulanyşyna ylmy taýdan seljerme berdi. Diňe bir gürrüň bilen çäklenmän bu eseri diňledip, prezentasiýa arkaly görkezmegi çykyşyň täsirliligini has-da artdyrdy.
Maslahatyň täsirli pursatlarynyň biri – B.Hudaýnazarow bilen köp ýyllap bile işlän sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Zulfiýa Jumagulyýewanyň ýürekden çykan ýatlamalary boldy. Onuň gürrüňleri diňe bir şahsy ýatlamalary bolman, eýsem döredijilik ýoluna çuňňur nazar salýan gymmatly maglumatlary öz içine aldy.
Soňra “Saz dünýäsiniň binagäri” atly tema bilen kafedranyň uly mugallymy Zohra Gabibowa diňleýjileri Rejep Allaýarowyň döredijiligine “syýahat” etdirdi diýsek ýerine düşer. Ol çykyşynda kompozitoryň eserleriniň häzirkizaman stil aýratynlyklaryny seljerdi we saz parçalarynyň üsti bilen onuň eserleriniň ruhuny duýmaga mümkinçilik berdi.
Maslahatyň dowamynda çykyş eden mugallymlaryň her biri öz temasyny çuňňur many bilen açyp görkezdi. Daňatar öwezow adyndaky ýörite saçylyk mekdebiniň mugallymy Laçyn Mätdurdyýewa Rejep Allaýarowyň döredijiligine ýüzlenip onuň “R.Tagoryň goşgularyna okyjy, hor hem-de simfoniki orkestr üçin oratoriýasynda” çeper keşpleriň şekillendirilişini giňişleýin beýan etdi we saz bilen söz sungatynyň utgaşygyny aýratyn täsirli açyp görkezdi.
Saparmyrat Baýlyýew bolsa “Çary Nurymowyň döredijiligi bilen halk sazynyň arabaglanyşygy” atly çykyşynda kompozitoryň eserleriniň halk sazynyň kökleri bilen berk baglanşyklydygny nygtap, milli sazlarymyzyň häzirkizaman kompozitorlaryň döredijiliginde ýaşap dowam edýändigini aýdyň subut etdi.
Maslahatyň jemleýji çykyşy Zamira Mämmedkuliýewanyň “Çary Nurymow- saz sungatynyň ussady” atly temasy boldy. Ol türkmen kompozitorlyk mekdebinde taplanyp, milli mukamlarymyzy dünýä ýüzüne belli eden kompozitorymyzyň döredijilik ýoluna syn berip, onuň milli saz sungatyndaky ornuny ýokary derejede açyp görkezdi.
Şeýle çäreleriň geçirilmegi saz ylmynyň hem döredijiligiň pajarlap ösmegine uly goşant goşýar we geljekki döredijilik işlerine ruhlandyrýar.
Ogulnabat Berdiýewa,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň “Sazyň nazaryýeti”
kafedrasynyň mugallymy.
Teswirler