Programmirleme pikirlenmegiň täze bir görnüşidir

“Programmirleme öwrenmeli” diýen düşünje häzirki wagtda giňden ýaýraýar. Emma onuň sebäbi diňe iş tapmak däl, bu pikirlenmegiň düýbünden täze bir görnüşidir.

Programmirleme öwrenýän adam meselä başgaça çemeleşýär: ol meseläni bölekleýär, sebäplerini seljerýär we iň amatly çözgüdi tapýar. Bu bolsa diňe kompýuter üçin däl, eýsem gündelik durmuşda hem möhüm ukyplaryň biridir. Şonuň üçin dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynda programmirleme irki ýaşdan başlap öwredilýär.

Ylmy taýdan subut edilen gyzykly ýagdaý: programmirleme bilen meşgullanýan adamlaryň beýnisinde logiki pikirlenmä jogap berýän bölekler has işjeň bolýar. Şeýle hem barlaglar görkezýär, kod ýazmak bilen meşgullanýan ýaşlaryň problemalary çözmek ukyby beýleki ugurlardakylara garanyňda has ýokary bolýar.

Mundan başga-da, programmirleme häzirki wagtda diňe IT bilen çäklenmeýär. Mysal üçin, lukmançylykda keselleri ir anyklamak üçin algoritmler ulanylýar, maliýe ulgamynda bazarlary seljermek üçin kod ýazylýar, hatda sungatda hem emeli aň arkaly suratlar döredilýär. Bu bolsa programmirlemegiň ähli ugurlar bilen baglanyşyklydygyny görkezýär.

Ilkinji programmist hökmünde tanalýan Ada Lovelace XIX asyrda ýaşap, ilkinji algoritmi ýazypdyr. Bu bolsa programmirlemegiň taryhynyň ýüz ýyldan hem öň başlanandygyny görkezýär.

Netijede, programmirleme diňe tehnologiýa däl, bu dünýäni başgaça görmegiň, meseleleri başgaça çözmegiň we döredijilikli pikirlenmegiň täze ýoludyr.

Aýdyň ARANÝAZOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we 
informatika institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok