Dostluga uzaýan ýollar

Häzirki döwürde türkmen halky bilen taryhy we ynsanperwer umumylygy birleşdirýän milletler we döwletler bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegi hil taýdan täze mazmuna eýe bolýar. Aýdylanlardan ugur almak bilen, Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasy bilen özara hyzmatdaşlygy döredijilikli we ynanyşmak häsiýetine eýe bolup, özara bähbitli we birek-birege hormat goýmak esasda yzygiderli ösdürilýär.

Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 9-njy iýunynda ýola goýuldy. Gatnaşyklaryň geçen taryhy döwrüniň içinde ýurtlarymyzyň arasynda döwletara gatnaşyklaryň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça hyzmatdaşlykda oňyn tejribe gazanyldy. Iki döwletiň ýolbaşçylarynyň birek-birege amala aşyran resmi we döwlet saparlary bolsa bu gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam berdi.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň Azerbaýjan Respublikasyna ilkinji sapary 2008-nji ýylyň 19-20-nji maýynda amala aşyryldy. Bu saparyň amala aşyrylmagy iki dostlukly döwleti birleşdirýän gatnaşyklaryň dürli ugurlar boýunça ösdürilmegine gönükdirilen ylalaşyklaryň baglaşylmagyna itergi berdi. Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar diňe goňşuçylyk däl, eýsem strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýedir. Iki ýurduň taryhy, medeni we dil taýdan umumylygy bu hyzmatdaşlygyň berk binýadyny düzýär. Häzirki wagtda bu gatnaşyklar esasan aşakdaky ugurlarda işjeň ösdürilýär:

Energetika pudagy hyzmatdaşlygyň iň möhüm sütünidir. 2021-nji ýylda Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek we özleşdirmek baradaky Ylalaşyga gol çekilmegi taryhy ädim boldy. Bu ylalaşyk köp ýyllap dowam eden düşünişmezlikleri çözüp, taraplaryň energiýa serişdelerini dünýä bazaryna çykarmakda agzybirligini görkezdi.

Hazar deňzi arkaly geçýän ulag geçelgeleri iki ýurdy hem sebitde möhüm tranzit merkezine öwürýär: Lapis Lazuli geçelgesi: Owganystan–Türkmenistan–Azerbaýjan–Gruziýa–Türkiýe ugruny birleşdirýär. Hazarüsti halkara ulag ugry: Türkmenbaşy we Älat portlarynyň arasyndaky gämi gatnawlary Merkezi Aziýany Ýewropa bilen birleşdirýän iň gysga ýoldur. Soňky ýyllaryň dowamynda hökümetara toparyň çäklerindäki hereketleriň işjeňleşmegi taraplaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ygrarlydygyny görkezýär.

Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň has möhüm bölegini medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar düzýär. Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň halklary dünýä taryhyna güýçli täsirini ýetiren gadymy siwilizasiýalaryň medeni-taryhy miraslaryny saklap gelýärler. Türkmen we azerbaýjan halklary özleriniň milli özboluşlylygyny, dini ygtykatlaryny, dilini, gaýtalanmajak medeniýetini we öňki nesilleriň toplan ruhy gymmatlyklaryny saklap gelmek bilen, özleriniň şöhratly hem baý geçmişlerine buýsanmaga haklydyrlar.

Iki doganlyk halkyň öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan ýakyn arabaglanyşygy bu gün hem Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň netijeli gatnaşyklarynyň ähmiýetli şerti hökmünde ýüze çykýar.

Kerwen ÝOLMYRADOW,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyñ talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok