Bedew bady bilen diňe öňe, jan Türkmenistan!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, mukaddes Watanymyzyň her bir güni taryhy wakalara, döredijilikli ösüşlere we ruhy galkynyşlara beslenýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda, 2026-njy ýylyň “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň, aýratyn-da medeniýet we sungat işgärleriniň kalbynda egsilmez joşgun döretdi. Çünki türkmen ruhunyň ganaty bolan bedew we onuň batly gadamlary biziň şu günki belent ösüşlerimiziň hakyky nyşanydyr. Konserwatoriýanyň diwarlarynyň içinde ýaňlanýan her bir mukam, her bir dutar sesi we orkestr sazlaşygy “Bedew batly at-myradyň mekanyna” bolan buýsanjyň owazydyr.

Talyplar özleriniň ajaýyp sazlarynda ahalteke bedewiniň gözelligini, sähralaryň erkinligini we Garaşsyz Watanymyzyň asuda asmanyny wasp edýärler. Olar Hormatly Prezidentimiziň medeniýete, sungata we ýaşlara bolan aýratyn ynamyna jogap edip, täze eserleri döredýärler. Talyp ýaşlar diňe bir milli saz gurallarymyzy däl, eýsem dünýä klassykasyny hem bedew bady bilen özleşdirip, halkara arenalarda Türkmenistanyň baýdagyny belentde parladýarlar.

Bu belent sepgitleriň gözbaşynda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer ýörelge durýar. Arkadagly Serdarymyz medeniýet ulgamynyň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak, zehinli ýaşlary goldamak we milli mirasymyzy dünýä ýaýmak ugrunda işlerini amala aşyrýar.

Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýaş sazandalar üçin iň döwrebap şertler döredildi. Ýokary okuw mekdebimiziñ talyplary Arkadagly Serdarymyzyň: “Medeniýet halkyň kalbydyr” diýen jümlesini özlerine ýörelge edinip, şol kalbyň owazyny dünýä ýaýýarlar. Olaryň ýerine ýetirýän her bir aýdymynda Watana bolan egsilmez söýgi, bedew batly geljege bolan ynam duýulýar.

“Bedew batly at-myrat — biziň ýeňişli ýolumyzdyr. Bu ýolda ýaşlaryň zehini we sungaty Watanymyzyň şöhratyny has-da belende göterýär”.

2026-njy ýylyň şygary konserwatoriýanyň talyp ýaşlaryny täze döredijilik gözleglerine höweslendirýär. Bedew batly öňe barýan Türkmenistan — bu biziň bagtymyz, bu biziň myradymyz. Her bir sazanda talybyň barmaklaryndan süzülip çykýan mukamlar, Arkadagly Serdarymyzyň saýlap beren ak ýolunda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň guran bagtyýar zamanasyna goşulan iň uly baýrakdyr.

Bedew batly Watanym

Arkadagly Serdar — ösüşiň bady,
Bedewler ganaty, ýeňşiň ganaty.
Dünýä dolan şöhrat, türkmeniň ady,
Bagtly zamanamyz belent nusgasy.

Arkadagly Serdar gurýar ak ýoly,
Bedew batly öňe barýar Watanym.
Joşgun bilen dolup ýaşlaryň göwni,
Sazlarynda waspyn edýär zamanyň.

Milli miras bilen dünýäni açyp
Mukamlar ýaňlanýar asmana uçup.
Gahryman Arkadag guran bu bagtda,
Galkynýar sungatym, guwançdan joşup.

Ganatly bedew deý batly gadamlar,
Älem içre ýaňlanar täze owazlar.
Mukaddes baýdagy göterip belent,
Sungat bilen şöhratlanýar eziz diýarlar.

                  Mahym Mediýewa,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasyň Sazşynaslyk hünariniň
III ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok