Mekdebimizde şäher derejesinde takyk ugurly dersler boýunça usuly-amaly maslahat geçirildi. Bu maslahata Türkmenabat şäheriniň orta mekdepleriniň matematika mugallymlary gatnaşyp, okuw işini döwrebap guramak, täze pedagogik usullary ulanmak we tejribe alyşmak meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Maslahat “Umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy — kämilligiň berk binýady” diýen şygar astynda geçirildi.
Maslahatyň dowamynda Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 32-nji orta mekdebiniň matematika mugallymy Öwezowa Akjagül Beşimowna 2026-njy ýylyň 4-nji martynda 5-nji “Ç” synpda “Dürli maýdalawjyly droblary goşmak we aýyrmak” diýen tema boýunça göreldeli sapak geçirdi.
Sapak döwründe mugallym okuwçylaryň işjeňligini ýokarlandyrmaga, olaryň logiki pikirlenmek ukybyny ösdürmäge gönükdirilen döwrebap pedagogik usullardan netijeli peýdalandy. Hususan-da, interaktiw usullar, toparlaýyn işler, mesele çözgütleri we amaly tabşyryklar arkaly okuwçylaryň derse bolan gyzyklanmasy artdyryldy. Okuwçylaryň her biri derse işjeň gatnaşyp, berlen meseleleri üstünlikli ýerine ýetirdiler.
Şeýle hem sapakda maglumat tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanylyp, okuw materiallarynyň düşnükliligini ýokarlandyrmak gazanyldy. Mugallymyň sapagy ýokary derejede guramagy, onuň hünär ussatlygyny we döredijilikli çemeleşmesini açyk görkezdi.
Maslahata gatnaşyjy mugallymlar geçirilen göreldeli sapaga ýokary baha berip, şeýle tejribe alyşmalaryň bilim ulgamynyň ösüşi üçin möhüm ähmiýete eýedigini bellediler. Olar şeýle çäreleriň geljekde hem dowam etdirilmeginiň zerurdygyny nygtadylar. Maslahatyň ahyrynda mugallymlar özara tejribe alyşyp, okatmagyň hilini ýokarlandyrmak, täze usullary ornaşdyrmak hem-de okuwçylaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak boýunça gymmatly pikirlerini paýlaşdylar.
Baýramgül EZIZOWA,
Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen
32-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.
Teswirler