Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň energetika döwleti hökmünde özüniň tutýan ornuny yzygiderli berkidýär. Ýurdumyzyň nebit-gaz pudagynda gazanylýan her bir üstünlik, ýetilýän her bir sepgit Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent dabaralanmasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän energetika diplomatiýasy netijesinde, türkmen uglewodorod serişdeleri diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem sebitiň we dünýäniň ykdysady durnuklylygyna hyzmat edýär.
Pudagyň maddy-tehniki binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy we iň täze tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy nebit we gaz çykarylyşynyň möçberleriniň artmagyna getirdi. «Galkynyş» gaz ýatagy ýaly dünýä derejeli ägirt uly desgalaryň tapgyrlaýyn özleşdirilmegi, Türkmenistanyň tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýändigini ýene bir gezek subut etdi. Bu ägirt uly taslamalar milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmak bilen bir hatarda, täze iş orunlarynyň döredilmegine we halkymyzyň bagtyýarlygynyň has-da ýokarlanmagyna giň ýol açýar.
Ýurdumyzyň nebit-gaz senagaty diňe bir çig maly eksport etmek bilen çäklenmän, eýsem ony gaýtadan işlemäge we ýokary hilli önümleri öndürmäge hem uly üns berýär. Häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän polimer zawodlary, benzin öndürýän kärhanalar we nebiti gaýtadan işleýän toplumlaryň döwrebaplaşdyrylmagy muňa aýdyň mysaldyr. Bu strategik ugur ýurdumyzyň senagatlaşma we eksport mümkinçilikleriniň artmagyna gönüden-göni hyzmat edýär, şeýle hem Türkmenistanyň halkara söwda gatnaşyklaryndaky bäsdeşlige ukyplylygyny has-da berkidýär. Halkara energetika taslamalarynyň, aýratyn-da Türkmenistan — Owganystan — Päkistan — Hindistan (TOPH) gaz turbageçirijisiniň gurluşygy parahatçylygyň we dostlugynyň dabaralanmasy hökmünde kabul edilýär. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi sebitleýin ykdysady integrasiýany güýçlendirýär we energetika howpsuzlygynyň täze binýadyny döredýär. Täze sepgitlere ýetmekde we pudagyň netijeliligini ýokarlandyrmakda ýaş hünärmenleriň kämilleşmegine, sanly ulgamyň doly ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.
Bize şeýle ajaýyp mümkinçilikleri we ösüşleri peşgeş beren, ýurdumyzyň nebit-gaz pudagyny täze belentliklere çykarýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys! Goý, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Milli ykdysadyýetimiziň sütünini berkitmekde alyp barýan döwletli işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Annakeýik NURGELDIÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara Nebit we Gaz uniwersitetiniň
Geologiýa fakultetiniň talyby.
Teswirler