“Sanly gözýetim” gepleşiginde sanly arheologiýanyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Aşgabat teleýaýlymynda görkezilýän Sanly gözýetim gepleşiginiň nobatdaky sany “Sanly arheologiýa” mowzugyna bagyşlandy. Bu ugur häzirki zaman tehnologiýalarynyň kömegi bilen taryhy-medeni mirasy öwrenmegiň täze mümkinçiliklerini açyp görkezýär.
Gepleşikde çykyş eden sanly ulgam bilermeni Merdan Ataýew sanly tehnologiýalaryň arheologiýa girizýän täzelikleri barada giňişleýin gürrüň berdi. Onuň bellemegine görä, 3D modelirleme, lazer skanerleme we dron tehnologiýalary gadymy ýadygärlikleri has takyk öwrenmäge hem-de olaryň sanly nusgalaryny döretmäge mümkinçilik berýär.
Öz gezeginde, arheolog Azat Annadurdyýew sanly arheologiýanyň ylmy barlaglardaky ähmiýetine ünsi çekdi. Ol häzirki döwürde sanly maglumatlaryň kömegi bilen taryhy ýerleriň ýagdaýyny seljermek, olaryň dikeldiş işlerini meýilleşdirmek we geljek nesiller üçin gorap saklamak işleriniň has netijeli alnyp barylýandygyny belledi.

Gepleşikde bellenilişi ýaly, sanly arheologiýa diňe bir alymlar üçin däl, eýsem giň jemgyýet üçin hem täze mümkinçilikleri döredýär. Hususan-da, wirtual muzeýleriň we sanly platformalaryň üsti bilen adamlar dünýäniň dürli künjeklerindäki taryhy miras bilen has ýakyndan tanyşyp bilýärler.
“Sanly gözýetim” gepleşiginiň bu sany sanly ösüşleriň medeniýet we taryh ulgamlarynda eýeleýän möhüm ornuny açyp görkezdi. Şeýle hem, bu ugurda alnyp barylýan işler taryhy gymmatlyklary gorap saklamakda we olary geljek nesillere ýetirmekde uly ähmiýete eýedir.
Teswirler