Maglumat tehnologiýalarynyň ösüşi we jemgyýetdäki orny

Maglumat tehnologiýalary häzirki wagtda diňe bir tehniki ugur däl, eýsem ykdysady ösüşi, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny we döwlet dolandyryşyny kesgitleýän esasy faktorlaryň birine öwrülýär.

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen “Sanly Türkmenistan” maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwlet hyzmatlarynyň elektron görnüşe geçirilmegi, internet infrastrukturasynyň giňeldilmegi we IT ulgamynda ýaş hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler bu ugurda möhüm ädimlerdir.

Häzirki döwürde maglumat tehnologiýalarynyň ösüşi dünýä jemgyýetiniň gurluşyny düýpli üýtgedýär. Sanly ulgamlar arkaly maglumatlary ýygnamak, seljermek we paýlaşmak mümkinçilikleriniň giňelmegi döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, hyzmatlaryň hilini gowulandyrmaga we ykdysadyýetiň täze ugurlarynyň ýüze çykmagyna şert döredýär. Bu ýagdaý sanly ykdysadyýetiň ösüşini çaltlandyrýan möhüm şertleriň biridir.

Internet tehnologiýalarynyň, bulut hyzmatlarynyň we maglumat bazalarynyň kämilleşmegi maglumat alyş-çalşygyň tizligini ep-esli ýokarlandyrdy. Netijede, halkara hyzmatdaşlyk täze derejä çykyp, ylmy-barlag işleriniň netijeliligi ýokarlanýar. Şeýle şertlerde maglumat tehnologiýalary diňe bir maglumat saklaýjy gural bolman, eýsem täze innowasiýalaryň döredilmegine hyzmat edýän giň platforma hökmünde çykyş edýär.

Şeýle-de IT ulgamy önümçiligiň awtomatlaşdyrylmagyna, dolandyryşyň sanlylaşdyrylmagyna we hyzmatlaryň optimizasiýasyna giň ýol açýar. Bu bolsa ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda öndürijiligi ýokarlandyryp, täze iş orunlarynyň döremegine getirýär. Netijede, maglumat tehnologiýalary häzirki döwrüň ösüş strategiýasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde çykyş edýär.

Aýgül HAJYÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we 
informatika institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok