Maglumat tehnologiýalary boýunça bilim almak häzirki döwürde diňe bir hünär saýlawy däl, eýsem geljekde üstünlik gazanmagyň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär.
Sanly jemgyýetiň kemala gelmegi bilen bilim ulgamynda IT ugruna bolan isleg barha ýokarlanýar. Programmirleme, maglumat seljermesi we sanly tehnologiýalar boýunça bilim almak ýaşlaryň döwrebap hünärleri özleşdirmegine we halkara derejede bäsdeşlige ukyply bolmagyna mümkinçilik berýär. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysady ösüşine hem täsir edýär.
Ýurdumyzda bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda kompýuter tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy, elektron okuw serişdeleriniň döredilmegi hem-de IT bilimine gönükdirilen täze maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi, mekdepden daşary bilim edaralarynda ýörite IT ugurdan sapaklaryň geçilmegi ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna şert döredýär.
Häzirki wagtda dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynda IT bilimi irki ýaşdan başlap öwredilýär. Mekdeplerde we ýokary okuw mekdeplerinde sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýaşlaryň logiki pikirlenmesini ösdürýär, döredijilik ukyplaryny giňeldýär we täze innowasiýalara açyklygyny ýokarlandyrýar. Şeýle çemeleşme geljekki hünärmenleriň ýokary derejede taýýarlanylmagyna ýardam edýär.
Şeýle hem IT bilimi halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm orun eýeleýär. Talyplaryň halkara taslamalara gatnaşmagy, onlaýn okuw platformalary arkaly bilim almagy we daşary ýurt tejribelerini özleşdirmegi olaryň bilim derejesini has-da ýokarlandyrýar.
Ogulşirin ÖWEZGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby.
Teswirler