2026-njy ýylyň 16-njy martynda TDYDI-de geçirilen “Ykdysady innowasiýa taslamalarynyň Startup bäsleşigi” atly çäräniň jemleýji tapgyrynda Oguz han adyndaky Türkmenistanyň Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Rozymyradow Mekan ýokary netije görkezdi.
Onuň “Guş ýeleginden keratin öndürilişiniň tehnologiýasy” atly taslamasy ekologiki taýdan arassa önümçilik we gaýtadan işlemek ugurlarynda innowasion çözgütleri özünde jemleýär. Bu taslama bilermenler tarapyndan ýokary baha mynasyp bolup, oba hojalyk we senagat pudagynda täze mümkinçilikleri açýar.
Bäsleşik ýaşlaryň innowasion pikirlenişini ösdürmek we ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna täze çözgütleri hödürlemek maksady bilen geçirilip, ýeňijilere pul baýraklary we sertifikatlar gowşuryldy.
Jemleýji tapgyra gatnaşan ýeňijileriň sanawy:
Rejepow Täçmyrat, Annaglyjow Eziz, Bagşiýew Wepa, Amanow Daýanç, Merdanowa Gunça, Hojanepesow Sapa, Şamuradow Kamil, Ýoldaşowa Rozygül, Hudaýbergenow Süleýman, Agaýewa Mähri, Şöhradow Yhlas, Halbaýew Begenç, Jumagulyýew Aşyr, Hudaýberdiýewa Selbi, Bäşimowa Jemal, Diwanow Nurmyrat, Rahimjanowa Selbi, Ilmyradowa Mähri, Gazakowa Baýramtäç, Rozymyradow Mekan.
Teswirler