Rahimjanowa Selbi we Ilmyradowa Mähri — Startup bäsleşiginde III oruna mynasyp boldy

2026-njy ýylyň 16-njy martynda TDYDI-de geçirilen “Ykdysady innowasiýa taslamalarynyň Startup bäsleşigi” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby Rahimjanowa Selbi hem-de Ilmyradowa Mähri ýokary netije görkezdi.

Olar “Smart farming” taslamasy bilen çykyş edip, oba hojalyk ulgamynda sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly önümçilige täze çemeleşmeleri hödürledi. Taslama eminler tarapyndan innowasionligi, amaly durmuşa geçirilip bilinýänligi we oba hojalyk önümçiliginiň geljegi üçin ähmiýeti boýunça ýokary baha mynasyp boldy.

Bu üstünlik, ýaş telekeçileriň innowasion pikirlenişini ösdürmäge hem-de geljekde oba hojalyk pudagynda täze çözgütleri durmuşa geçirmekde möhüm ädim hökmünde häsiýetlendirildi.

Jemleýji tapgyra gatnaşan ýeňijileriň sanawy:

Rejepow Täçmyrat, Annaglyjow Eziz, Bagşiýew Wepa, Amanow Daýanç, Merdanowa Gunça, Hojanepesow Sapa, Şamuradow Kamil, Ýoldaşowa Rozygül, Hudaýbergenow Süleýman, Agaýewa Mähri, Şöhradow Yhlas, Halbaýew Begenç, Jumagulyýew Aşyr, Hudaýberdiýewa Selbi, Bäşimowa Jemal, Diwanow Nurmyrat, Rahimjanowa Selbi, Ilmyradowa Mähri, Gazakowa Baýramtäç, Rozymyradow Mekan.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok