2026-njy ýylyň 16-njy martynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda geçirilen “Ykdysady innowasiýa taslamalarynyň Startup bäsleşigi” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda TDYDI-niň talyby Hudaýberdiýewa Selbi ýokary netije görkezdi.
Ol bäsleşikde ekologik taýdan arassa deri önümlerini işläp taýýarlamak we ondan sumka önümlerini döretmek boýunça taslamasy bilen çykyş etdi. Taslama innowasion usullary ulanmak we ekologiýa taýdan arassa önümçiligi ösdürmek ugrunda aýratyn ähmiýetli bolup, eminler tarapyndan ýokary baha mynasyp boldy.
Jemleýji tapgyra gatnaşan ýeňijileriň sanawy:
Rejepow Täçmyrat, Annaglyjow Eziz, Bagşiýew Wepa, Amanow Daýanç, Merdanowa Gunça, Hojanepesow Sapa, Şamuradow Kamil, Ýoldaşowa Rozygül, Hudaýbergenow Süleýman, Agaýewa Mähri, Şöhradow Yhlas, Halbaýew Begenç, Jumagulyýew Aşyr, Hudaýberdiýewa Selbi, Bäşimowa Jemal, Diwanow Nurmyrat, Rahimjanowa Selbi, Ilmyradowa Mähri, Gazakowa Baýramtäç, Rozymyradow Mekan.
Teswirler